Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan sergi açyldy.Myhmanlara pişme hödür edýän milli lybasly gyzlaryň ikisiniň keramiki heýkeli bu ýere gelenlerde ýakymly täsir galdyrýar...
Bu işiň awtory Çeperçilik akademiýasynyň talyby, keramikaçy Gülýara Babaýewanyň okuwçysy Aýçtäç Daşaýewa. -Tematiki sergide tanymal nakgaşlaryň işleri bilen birlikde olaryň ýaş kärdeşleriniň žiwopisçileriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň we dekoratorlaryň işleri hem görkezilýär.
Mysal üçin, Aýtäç Daşaýewanyň işi bilen birlikde Türkmenistanyň halk nakgaşy Maral Ataýewanyň nepis ýasalan gaby-dony, şeýle hem TDÇA-nyň mugallymy Hezret Annageldiýewiň keramiki işleri hem goýuldy, -diýip muzeýiň direktorynyň orunbasary Jennet Karanowa gürrüň berýär.
Hezrediň özboluşly işleriniň arasynda bişip ýarylan naryň keramiki şekili aýratyn özüne çekiji çykypdyr.Ol şeýle bir çeper ýasalypdyr welin, şiresi duýdansyz çüwdüriljek ýaly bolup dur.Amanmyrat Ataýewiň özboluşly gobeleninde hem türkmen çüneşiniň nurundan ganan nar şekillendirilipdir.
Ahal-teke bedewleriniň keşbini iň gowy beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileriniň biri Aýjemal Çaryýewanyň döreden at şaý-sepleri owadanlygy, ýasalşynyň çeperligi bilen haýrana goýýar.
Gaty seýrek duşýan zatalryň biri-de Roza Kinýakinanyň ilkinji gezek görkezilýän sowuk şem ulanylyp döredilen “Türkmen gyzlary” atly batigidir. -Biz şu sergide ähli žanrlardaky işleri, şol sanda özboluşly haly we keçe eserlerini hem görkezmegi maksat edindik diýip Jennet Seýitnyýazowna gürrüňini dowam edýär.
Sergide iň köp goýlany, elbetde, žiwopis işleridir.Rejepgeldi Çüriýewiň “Galkynyş” atly suraty onda esasy orun tutýar.Onda ýurdumyzyň belentden pasyrdaýan Baýdagyny saklap oturan ak atly jigit şekillendirilen.
Ylýas Gurbanowyň “Gülleýän Diýar”, Rahman Umarowyň “Azatlyk” suratlary raýatlaryň hukuklary we bähbitleri iň ýokary gymmatlyk diýlip yglan edilen Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň depginli ösüşiniň hukuk esaslaryny goýan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna simwoliki bagyşlanma bolsa, Saparmämmet Meredowyň “Sahawatlylyk” atly täze işi güneşli Watanymyz we bagtyýar geljegi gurýan zehinli adamlar barada gürrüň berýär.
Baýramçylyk sergisinde Garaşsyz Türkmenistanyň tilsimlere baý şekillendiriş we amaly-haşam sungaty işleri görkezilýär.