Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergi gurady

Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergi gurady

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Aşgabat şäherindäki Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde sergi guraldy. Sergi türkmen taryhyny, milliligini, ajaýyp tebigatyny ajaýyp sungat eserlerine siňdirip, uly işler bitiren nakgaşlardyr heýkeltaraşlaryň muzeý gaznasyndaky eserlerinden düzüldi.

Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýakup Annanurowyň, Annadurdy Almamämmedowyň, Ýarly Baýramowyň, Hajy Atakgaýewiň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Gennadiý Babikowyň, Kakageldi Seýitmuhammedowyň, Mämmet Mämmedowyň, Muzaffar Daneşwaryň, suratkeşler Walentin Kudrýaşowyň, Rejep Muhammedowyň, Merdan Kakabaýewiň sergide ýerleşdirilen nakgaş we grafika eserlerinde Türkmenistanyň ösüş ýoly aýdyň beýan edilipdir. Sergide görkezilen eserler Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynda we mugallymlarynda uly gyzyklanma döretdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Aşgabat şäheriniň Neşirýat-Çaphana orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde guralan sergi
Milli nakgaşlyk mekdebiniň halypalary: Ýewgeniýa Adamowa
Milli mirasymyz egsilmez baýlygymyz“ atly duşuşyk geçirildi
Milli žiwopis mekdebiniň halypalary: Ýakup Annanurow
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli sergi gurnaldy