Sedat Önal BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa temaly maslahatynda çykyş etdi

Sedat Önal BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa temaly maslahatynda çykyş etdi

Türkiyäniň BMG-daky Hemişelik wekili Sedat Önal, BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa temaly maslahatynda çykyş etdi.

Sedat Önal, Türkiyäniň ýer titremeleriň täsirinden çykmak üçin tagalla etmek bilen birlikde, Siriýanyň halkyna ynsanperwer kömekleriň ýetirilmeginiň ýeňilleşdirimegi üçin iş alyp barýandygyny habar berdi.

Sedat Önal, ýer titreme sebäpli zyýan ýeten Jilwegözü gümrük geçelgesine barýan ýollaryň abatlaýyş işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi.

Sedat Önal Önjüpynar we Çobanbeý gümrük geçelgeleriniň hem BMG-nyň kömekleriniň tiz wagtda ýetirilmegi üçin açylandygyny aýan etdi.

Bosgunlaryň öz ýurtlaryna yzyna gaýdyp barmaklarynyň ähmiýetine hem ünsleri çeken Sedat Önal, işleriň ýeňilleşdirilmegi üçin ädim edilmeginiň gerekdigini, onuň Siriýa krizisiniň bir bölegini emele getirýändigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Resmisi Türkiýä Sagbolsun Aýtdy
Atatürki Hatyralama, Ýaşlar we Sport Baýramy Nýu-Ýorkda Bellenilip Geçildi
Daşary Işler Ministri Çawuşogly DKTR-da Saparda Bolýar
Hindistanyň Daşary Işler Ministriniň Orunbasary Türkiýede Saparda Bolýar
Türk nmetbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe-ÝB Siýasy Dialog Maslahaty Ankarada Geçirildi