Sebitleriň saglyk edaralary uly Berdimuhamedowyň gyzynyň saparyna taýýarlanýar

Sebitleriň saglyk edaralary uly Berdimuhamedowyň gyzynyň saparyna taýýarlanýar

“Öňler sebitlerde Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ýa-da ogly Serdar Berdimuhamedowyň saparlaryna taýýarlyk görülýärdi, indi uly Berdimuhamedowyň gyzy [Oguljahan Atabaýewanyň] saparyna-da taýýarlyk görlüp başlandy” diýip, Balkan welaýatynyň saglyk pudagyndaky bir çeşme aýdýar.

Saglyk işgärleri häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginde, Türkmenbaşy şäher saglyk öýlerinde, Köpugurly hassahanada, şeýe-de Balkanabatdaky welaýat hassahanasynda hem-de Ene mähri’ merkezinde we beýleki saglyk edaralarynda adatdan daşary sapara taýýarlyk çärelerine badalga berlendigini aýdýarlar.

Şeýle çäreleriň çäklerinde, Awaza syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş dynç alyş merkezleriniň işgärlerine täze lukmançylyk eşiklerini satyn almaklyk tabşyrylypdyr.

“Öz çykdajylarymyzyň hasabyna täze ak halat we ak şypbyk satyn almaklyk talap edilýär” diýip, saglyk işgärleri aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň saglyk pudagyndaky çeşmesi ýokary derejeli saparyň öňümizdäki hepdäniň başlarynda amala aşyrylmagyna garaşylýandygyny aýdýar.

Saglyk işgärleriniň birnäçesi Awazadaky çagalar sagaldyş merkezleriniň hem-de Türkmenbaşynyň köp ugurly hassahanasynyň daş-töwereginde soňky birnäçe gün bäri arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýaýbaňlandyrylandygyny aýdýarlar.

“Işgärler gije-gündiz saglyk desgalarynyň töweregini arassalamak işlerine çekilýärler” diýip, işgärler aýdýar.

Golaýda Türkmenistanyň syýasat sahnasynda Berdimuhamedowlar maşgalasynyň ýene bir agzasy işjeň orun alyp başlady.

Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewa Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti wezipeesine bellenenden soňra, möhüm jemgyýetçilik çäreleriniň başyny çekdi, media serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Şeýle-de, ol daşary ýurtly myhmanlary kabul etdi, bir halkara maslahata başlyklyk etdi.

Oguljahan Atabaýewa birnäçe hepde mundan ozal Monako Knýazlygyna iş saparyny amala aşyran Türkmenistanyň wekiliýetine-de ýolbaşçylyk etdi.

“Ýurduň syýasat sahnasynda üçünji baş peýda boldy” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda däp bolan tejribelere görä, döwlet ýolbaşçylarynyň welaýatlara amala aşyrýan saparlaryna aýratyn taýýarlyk görülýär. Munuň üçin, köp halatda býujet işgärleri mejbury çärelere çekilýärler.

“Näsaglara seretmeli lukmanlar täze, ak lybaslary satyn alyp, saglyk edaralarynyň daş-töweregini abadanlaşdyryp, myhmanyň saparyna taýýarlyk görýärler” diýip, saglyk işgärleri aýdýar.

Mundan ozal, şeýle taýýarlyklar diňe Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýa-da onuň prezident ogly Serdar Berdimuhamedowyň welaýatlara amala aşyrýan saparlarynyň öňüsyrasynda batlanýardy.

Döwlet ýolbaşçylarynyň, ýokary wezipeli adamlaryň sebitlere edýän saparlary öňünden yglan edilmeýär, ýöne şeýle saparlaryň öňüsyrasynda möhüm saparlara mahsus taýýarlyk çäreleri ýaýbaplandyrylýar.

Balkan welaýatynyň saglyk edaralarynda alnyp barylýan taýýarlyk işleri, Oguljahan Atabaýewanyň Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, Köpugurly hassahanasynda hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyş bolmagynyň yz ýanyna gabat gelýär. Bu barada döwlet metbugaty habar beripdi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri hem bu sebitdäki saglyk edaralarynda hem prezidentiň aýal doganynyň saparyna taýýarlyk görülýändigini aýdýarlar.

Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşme 22-nji aprele çenli şäheriň iri köçeleriniň, “ýokary derejeli sapar bilen baglylykda”, ýapyk galmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Ýerli ýaşaýjylar Türkmenabadyň birnäçe iri köçesinde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini aýdýarlar.

Türkmen metbugatyna görä, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň welaýatlara amala aşyrýan saparlary Gaznanyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryndan ugur alýar.

Oguljahan Atabaýewa ilkibaşda mart aýynda Arkadag şäherinde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşyp, ýurduň syýasat sahnasynda işjeň orun alyp başlanynda, ýerli ýaşaýjylar bu işjeňligiň güýçlenip dowam etjekdigini çaklapdylar.

Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir lebaply ýaşaýjy, haçan-da Berdimuhamedowlar maşgalasyndan biri telewideniýede uly planda görkezilip başlansa, "ähli zadyň düşnükli bolýandygyny", onuň "ýakyn wagtda möhüm döwlet wezipelerini eýelemeginiň ikuçsyz bolýandygyny" aýdypdy.

Şonda Ahal welaýatyndan bolan beýleki bir ýaşaýjy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ilkibaşda dürli edaralara ýolbaşçy bellenip, wezipe basgançaklarynda ýokary göterilmegini ýatlap, bu ýagdaýyň Halk Maslahatynyň başlygynyň gyzy Oguljahan Atabaýewa babatynda hem "şeýle boljakdygyny" çaklapdy.

Synçylar ýurtda Berdimuhamedowlar maşgalasynyň şahsyýet kultunyň yzygiderli ösdürilýändigini aýdýarlar.

Gurbanguly Berdimuhamedow ilkibaşda 2022-nji ýylyň fewral aýynda prezident wezipesinden çekilmek niýetini mälim edeninde, döwleti dolandyrmakda “ýaşlara ýol bermegi özüniň makul hasaplaýandygyny” aýdypdy. Munuň yz ýany, onuň ogly Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesini eýeledi. Häzir bolsa, uly Berdimuhamedowyň gyzy ýurduň syýasat sahnasynda işjeň orun alyp başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň täze agzalary jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda wezipä bellendi
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy
Synçy: Uly Berdimuhamedow oglunyň häkimiýetini berkitmek üçin gyzyny syýasy meýdana çykarýar
Diňle: Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär