Paýtagtymyz Aşgabadyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyny bezäp oturan ýurdumyzyň Baş arçasy Merkezi Aziýanyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy sebitiniň iň beýik arçasy hasap edildi. Depesindäki “2020” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bilelikde, beýikligi 40 metr bolan owadan bezelen ajaýyp arça GDA-nyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň paýtagtlarynda oturdylan arçalardan beýikligi we owadanlygy bilen tapawutlanýar.
“Sputnik Tajikistan” internet neşiriniň habar bermegine görä, Aşgabadyň baş arçasy 40 metr beýikligi bilen Merkezi Aziýanyň iň uly arçasy boldy.Bu ugurda ikinji orun Özbegistana degişlidir. Ýurduň paýtagty Daşkent şäherindäki arçanyň beýikligi 36 metre barabardyr.Üçünji orunda Täjigistan bar.
Duşanbe şäheriniň merkezindäki arçanyň beýikligi 29 metre deňdir.Onuň her bir metri ýurduň garaşsyzlygynyň her bir ýylyny alamatlandyrýar. 2020-nji ýylda beýleki sebit ýurtlary ýaly, Täjigistan hem garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny belleýär.Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekdäki arçanyň beýikligi 27 metr bolup, ol müňden gowrak oýnawaç hem-de uzynlygy 3 kilometre çenli uzaýan 300-e golaý bezegler bilen bezelipdir.Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherindäki arçanyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.GDA-nyň iň uly arçasy AşgabatdaGaraşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň arasynda hem paýtagtymyz Aşgabatdaky ýurdumyzyň Baş arçasy ululygy bilen tapawutlandy. “TurStat” internet portaly tarapyndan düzülen sanaw şeýle:1 Aşgabat (Türkmenistan) arçanyň beýikligi 40 metr2 Ýerewan (Ermenistan) arçanyň beýikligi 37 metr3 Daşkent (Özbegistan) arçanyň beýikligi 36 metr4 Baku (Azerbaýjan) arçanyň beýikligi 34 metr5 Minsk (Belarus) arçanyň beýikligi 30 metr6 Duşanbe (Täjigistan) arçanyň beýikligi 29 metr7 Moskwa (Russiýa) arçanyň beýikligi 27 metr8 Bişkek (Gyrgyz Respublikasy) arçanyň beýikligi 27 metr9 Nur-Sultan (Gazagystan) arçanyň beýikligi 25 metr10 Kişinew (Moldowa) arçanyň beýikligi 20 metr