Sebitiň çöllük ekologik ulgamy ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilmäge hödürlenilýär

Türkmenistanda 2019-njy ýyldan bäri Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Mihael Zukkowyň (Germaniýa) Gaznasynyň Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy (CADI/КАДИ) Türkmenistanyň çöllerini saklap galmak we olardan durnukly peýdalanmak atly bilelikdäki taslamasy durmuşa geçirilýär.

Orta Aziýa çölleriniň biologik köpdürlüligini saklap galmaga we ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizmäge hödürlemäge gönükdirilen CADI taslamasy Graýgswald Uniwersiteti, tebigaty goramak boýunça Mihael Zukkowyň Gaznasy (Graýgswald şäheri) we BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebitara bölümi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.

Taslamanyň çäklerinde 2019-njy ýylda Bereketli Garagum we Repetek goraghanalaryna bilelikdäki ylmy ekspedisiýalaryň dördüsi amala aşyryldy, şeýle hem bioköpdürlülik düzümlerini öwrenmek üçin Etrek we Hazar etekleriniň gurak subtropik çöllerinde barlaglar geçirildi.

Milli bilermenler alnan maglumatlaryň esasynda hasabatlary taýýarlap teklip etdiler, olar aram gurşawyň çöl ekoulgamyny ÝuNESKO-nyň sanawyna goşmaga hödürlenýän maglumatlary taýýarlamakda binýatlaýyn maglumat bolup durýar. Şeýle hem Bereketli Garagum goraghanasynyň çäklerine täzeden garamak we onuň çägini giňeltmek hem-de toýnakly ýabany haýwanlar üçin amatly şertleri döretmek babatda delillendirme taýýarlanylýar.

Sebitimiziň aram gurşawynyň çöllerini ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmagyň ugurlary Merkezi Aziýadan bilermenleriň we halkara maslahatçylarynyň gatnaşmagynda golaýda Tebigaty goramagyň halkara akademiýasynyň Wilmada (Germaniýa) guran seminarynyň gün tertibine girizildi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Turan çölleri haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşleriniň, şol sanda toýnakly haýwanlaryň we guşlaryň ýaşaýan hem-de gelýän sebitleri hökmünde gymmatlydyr.Seminara gatnaşanlar Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň aram guşaklarynyň çölleriniň obýektlerini Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmaga transmilli tapgyrlaýyn hödürlemeleri bilelikde taýýarlamak boýunça eýeleýän orunlaryny ylalaşdylar.

Türkmenistanda olar Bereketli Garagum we Gaplaňgyr goraghanalary, şeýle hem Repetek biosfera goraghanasydyr.Aram guşaklykdaky Turan çölleri hödürnama maglumatlaryny taýýarlamak boýunça sebit iş toparynyň döredilmegi işiň indiki tapgyry bolar.

Onuň hataryna ugurdaş dolandyryş edarlarynyň we sebitiň her ýurdundan CADI taslamasynyň wekilleri giriziler.Merkezi Aziýanyň aram çölleri Hazar deňzinden Günorta Mongoliýa, Tibet daglyk ýerlerinden Gazagystanyň şähralyklaryna çenli ýaýylyp ýatyr, bu ýerde ösümlikleriň ençeme görnüşi ösýär, haýwanlaryň-da köp görnüşi ýaşaýar, olar diňe bir çägelik ýerle bolman, eýsem şor, daşly we gipsli, bu sebitlere mahsus geologik emele gelmelerden hem ybaratdyr.

Duşuşykda 2020-2021-nji ýyllarda taslamanyň çäklerinde durmuşa geçiriljek çärelelriň meýilnmasy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy atly tebigaty goramak gaznasy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Turan çöllerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek boýunça işler geçirildi
Ýaşyl tehnologiýalar - halk hojalyk toplumyny ösdürmekde ileri tutulýan ugur
Halkara ekologiýa forumuna gatnaşyjylar pikir we tejribe alyşdylar
Orta guşaklyk Turan çöllügi boýunça resminama (nominasiýa dosýesi) toplumy taýýarlanýar