“Sebitde Ýüze Çykyp Biljek Haýsydyr Bir Dartgynlyk Gaza Sektoryndaky Ýagdaýy Has-da Agyrlaşdyrar”

“Sebitde Ýüze Çykyp Biljek Haýsydyr Bir Dartgynlyk Gaza Sektoryndaky Ýagdaýy Has-da Agyrlaşdyrar”

Russiýa, Ýakyn Gündogarda ýüze çykyp biljek täze dartgynlygyň Gaza Sektoryndaky ýagdaýy has-da agyrlaşdyrjakdygyny aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, paýtagt Moskwada beren beýannamasynda, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň Gaza Sektoryndaky ýagdaýa täsirini ýetirip ýetirmejekdigi hakyndaky soraga jogap berdi.

Mariýa Zaharowa, “Sebitde ýüze çykyp biljek haýsydyr bir dartgynlyk Gaza Sektoryndaky ýagdaýy has-da agyrlaşdyrar” diýdi.

Gazada hüjümleriň bes edilmegi, halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda iki döwletiň gurulmagy maksady bilen syýasy etabyň başladylmalydygyny aýdan Zaharowa, “Haýsydyr bir dartgynlyk, ilkinji nobatda asuda ilatyň, soň bosa sebitde ýerleşýän döwletleriň we halklaryň ýagdaýyny has-da agyrlaşdyrar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Zaharowanyň Uçary Bolgariýanyň Howa Giňişligine Kabul Edilmedi
Russiýa: "ABŞ jogapkärçilige çekilmeli" dıvdı
Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod Şäherine Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar