Sebitde Başdan Geçirilýän Meseleleriň Sebäpkari Terror Guramasy PKK

Sebitde Başdan Geçirilýän Meseleleriň Sebäpkari Terror Guramasy PKK

Ahmed metbugat işgärlerine beren beýannamasynda terror guramasy PKK-nyň sebitden çykarylmagy hakynda durup geçdi.

Terror guramasy PKK-nyň sebitde ornaşmagynyň kanuna laýyk däldigini nygtan Ahmed; “Şuny buýsanç bilen aýdasym gelýär, Yragyň hökümeti soňky aýlarda PKK-ny gadagan edilen guramalaryň hataryna goşdy. Sebitiň halkynyň we ol ýerdäki obalaryň kynçylyklara sezewar bolmazlygy hem-de kynçylyk çekmezligi üçin PKK şol ýerlerden çykarylmaly” diýdi.

Yragyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mikdad Miri al-Musawy 1-nji iýulda beren beýannamasynda Kerkukda, Erbilde we Duhokda soňky günlerde bolýa ýangynlaryň günäkärleriniň PKK terrorçylarydygyny aýdypdy.

Musawy ele salynanlaryň düşündirişinde başga ýerleri hem oda bermegi meýilleşdirýändiklerini boýun alandyklaryny beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

“PKK/ÝPG-ny Ýakynda Sebitden Kowup Çykararys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Yragyň Demirgazygynda 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny