
Türkmenistanda sebitara transport hyzmatlarynyň ýola goýluşy bilen bagly problemalar dowam edýär. Welaýat ýaşaýjylary otly, uçar we awtobus biletleriniň ýetmezçiliginiň arasynda, hususy taksileriň ýol kireýleriniň gymmatlandygyny aýdýarlar.
Ýaňy-ýakynda Aşgabatdan Türkmenabat şäherine dolanan talyp bu ugur boýunça gatnaýan sebitara taksileriň bahasynyň 50 göterim çemesi ýokarlanandygyny aýdýar.
“Aşgabatdan Lebap welaýatyna taksiniň ýol kireýine 600 manat berdim, öňler 400 manatdan gymmat däldi” diýip, talyp ýigit Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Öňler otly we uçar biletlerini tapyp bilmesem, elmydama awtobusda gidýärdim. Awtobus biletlerini hem onlaýn alyp bolýardy. Emma bilet ýetmezçiliginiň fonunda awtobusa hem bilet galmandyr, şonuň üçin takside gaýtmaly boldum” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanda welaýatlar bir-birekden uzak aralykda, ýüzlerçe kilometr aradaşlykda ýerleşýär. Sebitleriň arasynda amala aşyrylýan otly, uçar we awtobus hyzmatlary uly islegden peýdalanýar we köplenç bildirilýän talaplary ödäp bilmeýär.
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy iki gün ozal, 8-nji fewralda zerur iş bilen Lebap welaýatyna gitmeli bolupdyr.
“Otla bilet gözledim, tapyp bilmedim. Internetde hem bilet ýok. Wokzallardaky terminallarda hem bilet ýok, kassanyň işgärleri internetden ýa-da terminaldan bilet satyn almagy tabşyrýar. Ahyrsoňy, prowodnige 300 manat berip, Lebap welaýatyna gaýtdym. Ol maňa kupeden ýer berdi. Şol gün wagonyň tas ýarysy boş gaýtdy. Her niçik-de bolsa, taksiden arzan düşdi” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.
Türkmenistanda 2019-njy ýylda otly biletleriniň onlaýn satylyp başlanýandygy yglan edildi. Ýöne ýolagçylar bilet söwdasynyň heniz hem kanagatlanarly ýola goýulmandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy demir ýollary kompaniýasynyň resmi web sahypasynda hödürlenýän biletleri diňe 23-nji fewraldan soňky senelere alyp bolýandygyny aýdýar.
Türkmenistanyň demir ýollary kärhanasy 2020-nji ýylda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi. Bu kompaniýa Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň “Türkmendemirýollary” gullugynyň garamagyndadyr.
Azatlyk Radiosy ýurduň demir ýollary ulgamynda ýyllarboýy dowam edýän problemalar barada yzygiderli habar berip gelýär.
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine görä, bu kompaniýa her ýylda takmynan 6 million ýolagça hyzmat edýär. Şeýle-de, kompaniýanyň ýolagçy bölüminde 5 müň hünärmen zähmet çekýär.
Şeýle-de, resmi maglumatlara görä, demir ýol biletlerini kompaniýanyň ykjam goşundysy arkaly hem-de resmi web sahypasynyň üsti bilen satyn alyp bolýar. Ýurduň bir-birekden uzak aralykda ýerleşýän sebitleriniň arasynda 16 ugur boýunça otly gatnawlary amala aşyrylýar. Şolaryň arasynda iň uzak ugur Aşgabat-Amyderýa ugry bolup, bu gatnaw takmynan 18 sagat dowam edýär we ýolagçylar otluda 816 kilometr ýol geçýär.
Hususan-da, baýramçylyk günlerinde sebitara transport gatnawlaryna uly agram düşýär. Paýtagt Aşgabatda işleýän ýa-da ýokary bilim alýan sebit ýaşaýjylary möhüm seneleriň fonunda welaýatlaryň arasynda transport kynçylyklaryny başdan geçirýärler. Tomusky dynç alyş möwsüminde bolsa, ýurduň milli syýahatçylyk merkezi bolan Awaza ugry boýunça transport üpjünçiligi kynlaşýar.
Ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýatyndan Lebap welaýatyna sapar eden beýleki bir ýaşaýjy hem sebitara transport gatnawlary boýunça bar bolan problemalary tassyklap, bu ugur boýunça hususy taksileriň ýol kireýleriniň 125 göterim çemesi ýokarlanandygyny aýdýar.
“Men taksiniň ýol kireýine 450 manat tölemeli boldum. Öňler 200 manat töleýärdim” diýip, sebit ýaşaýjysy aýdýar.
Soňky ýyllarda ýurtda şäherara awtobus gatnawlary hem ýola goýlup, welaýat merkezlerinde we paýtagt Aşgabatda awtoulag menzilleri ulanylmaga berildi.
“Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi web sahypasyna görä, häzirki wagtda ýurtda iri on ugur boýunça sebitara awtobus gatnawlary amala aşyrylýar we olaryň biletlerini onlaýn usulda hem satyn alyp bolýar.
Ýöne ýurt ýaşaýjylary sebitleriň arasyndaky gara ýollaryň hiliniň pes bolmagy, olardaky çukanaklar sebäpli, welaýatlaryň arasynda amala aşyrylýan awtoulag gatnawlarynyň howpsuzlygyna alada bildirýärler.
Golaýda Aşgabatdan Lebap welaýatyna sapar eden talyp münüp barýan ulaglarynyň ýol-ulag hadysasyna uçrandygyny, çölüň içinde bolup geçen bu hadysa zerarly, özleriniň uzak wagtlap ilkinji ýardama garaşmaly bolandyklaryny aýdýar.
“Bizi Hudaý saklady! Çukanakly ýollar sebäpli, münüp barýan maşynymyz ýoldan çykdy we gumuň içine girdi. Garaňky çölüň içinde iki sagatlap, ilkinji ýardama garaşmaly bolduk” diýip, lebaply talyp aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýurduň transport edaralaryndan resmi teswir alyp bilmeýär.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy welaýatlaryň arasynda uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Uçuş rejesine görä, häzirki wagtda Aşgabat-Daşoguz, Aşgabat-Türkmenabat, Aşgabat-Mary, Aşgabat-Kerki, Aşgabat-Türkmenbaşy, Mary-Daşoguz, Daşoguz-Türkmenbaşy, Türkmenabat-Daşoguz we Mary-Türkmenbaşy ugurlary boýunça ikitaraplaýyn uçar gatnawlary ýola goýulýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.