Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, ähli mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirýän eziz Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy has-da pugtalanýar.
Türkmenistan döwletimiz deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan çykyş edip, bu möhüm ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklary saklamak bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni hyzmatdaşlygyň çäklerini ep-esli giňeltdi, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy.
Türkmen tarapynyň öz hasabyna gurluşyk işleri alnyp barlan üç iri desganyň Akina-Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki-Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr.
Aziýanyň Halkara demir ýol ulag geçelgesiniň Kerki-Ymamnazar-Akina böleginiň gurluşygy 2016-njy ýylda tamamlandy. Transmilli ýoluň bu böleginiň umumy uzynlygy 88 kilometr bolup, onuň 85 kilometri biziň ýurdumyzyň çäginde, galan 3 kilometri bolsa, Ymamnazar we Akina serhetýaka nokatlarynyň arasynda ýerleşýär.
Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen 2019-njy ýylda ýurtlaryň arasynda ulag we logistika hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi.Türkmen tarapynyň hasabyna gurlup ulanylmaga berilen uzynlygy 30 kilometr bolan Akina-Andhoý demir ýoly iki goňşy döwletiň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, gatnadylýan ýükleriň möçberiniň we tizliginiň artmagyna, ýurtlaryň girdejileriniň köpelmegine hem-de goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer.
Akina-Andhoý demir ýolunyň ugrunda ätiýaçlyk we gapdal ýollarynyň, konteýner terminallarynyň, halkara ýük daşamalarynda sanitar howpsuzlygyny üpjün edýän ýokançsyzlandyryjy germewleriň we beýleki kömekçi desgalaryň hem gurulmagy ýük daşamakda howpsuz we netijeli usul bolup durýandygyny bellemek gerek.
Geljekde Kerki-Ymamnazar-Akina-Andhoý ulag geçelgesi Merkezi we Günorta Aziýadan harytlary Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çalt ösýän döwletleriniň bazarlaryna çykarýan, sebit we halkara derejesinde üstaşyr-ulag ýük daşalýan ugurlaryň möhüm bölegine öwrüler hem-de Owganystanyň dünýä bazarlaryna harytlaryny çykarmagyna ýardam eder.
Bulardan başga-da, Türkmenistan we Owganystan ýene-de bir ulag taslamasyny amala aşyrmaga — uzynlygy 173 kilometre deň bolan Turgundy-Hyrat demir ýolunyň gurluşygyna girişdiler.Demir ýoluň ugrunda menzilleriň dördüsini, kommunikasiýa we duýduryş ulgamlaryny, perrony gurmak meýilleşdirilýär.
Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat demir ýollaryna täze logistika ugurlaryň goşulmagy bilen Hazardan Hindi ummanyna çenli uzalyp gidýän halkara ulag geçelgesiniň möhüm halkalary hökmünde olaryň ähmiýeti hem artar.
Kuwwaty 500 kilowatt bolan Kerki-Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi goňşy ýurtda elektrik energiýanyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine hem-de ýurduň umumy elektrik üpjünçiligini gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Kerki-Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň birinji tapgyrynda Owganystanyň Andhoý, Şibirgan we Mazari-Şarif şäherlerine, ikinji tapgyrynda, ýagny 2022-nji ýylyň başyna Puli-Humri we Kabul şäherlerine ibermeklik meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen 2018-nji ýylda uzynlygy 112 kilometr bolan Rabatkaşan-Kalaýnau elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi hem Türkmenistan döwletimiziň goňşy ýurduň ykdysadyýetini dikeltmekde edýän tagallalarynyň biridir.
Mundan başga-da Ymamnazar-Akina hem-de Serhetabat-Turgundy halkara üstaşyr akymlaryny üpjün etmek üçin optiki-süýümli ulgamlaryň işe girizilmegi bolsa ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulgam trafigini artdyrmaga, türkmen elektrik energiýasynyň eksportyny ep-esli artdyrmaga, şeýle hem goňşy ýurduň senagat we durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Halkara desgalaryň ulanylmaga berilmegi goňşy döwletiň senagat we durmuş üpjünçiliginiň döredilmegine, goňşara dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkedilmegine, Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň we olara ýanaşyk ýurtlaryň deňhukuklylygyny we durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halkara Bitaraplyk we Açyk gapylar syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyna, ýurduň maýa goýum ýagdaýynyň amatly bolmagyna oňyn şertleri döreder. Muňa mysal hökmünde gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny hem-de Lapis-Lazuli (Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe) ulag geçelgesini görkezmek bolar.
Bu iri taslamalar üstünden geçýän ýurtlaryň ilatyny iş bilen üpjün etmeklige we täze ykdysady mümkinçilikleri döretmäge, şeýle hem oňa gatnaşýan ýurtlara goşmaça daşary ýurt maýa goýumlary çekmäge, halkara maliýe bazarlarynda ynamdar gatnaşyjy hökmünde çykyş etmäge ýardam berer.
Gaz geçirijiniň geçýän ugrunda täze ýaşaýyş nokatlarynyň, logistiki we söwda ugurlarynyň döremegi bilen sebitdäki döwletleriň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga we ykdysady ösüşine oňyn goşant goşmaga itergi berer, sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de giň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.
Aziýadaky we onuň çäklerinden daşardaky umumy ýagdaýlara hem özüniň örän uly oňyn täsirini ýetirer.Sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolar.
Şeýle iri taslamalaryň alnyp barylmagy we gurlup ulanmaga berilmegi sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegine oňyn täsir eder, sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, iri möçberli maýa goýumlary çekmäge, netijede ýurtlaryň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna, goşmaça iş orunlarynyň döremegine, halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň we olara ýanaşyk ýurtlaryň durnuklylygyny we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen uzakmöhletleýin strategiýasyny durmuşa geçirmekde ähmiýeti uludyr.
Munuň netijesinde, owgan ugrunda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy, Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy, Ýewraziýa ykdysady birleşigi ýaly iri birleşdiriji düzümler we guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertler döreýär.
Arkadag Prezidentimiziň sebitde durnuklylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna dünýä döwletleriniň arasynda ýokary baha berilýär.
Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldip, sebitde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen gaýragoýulmasyz meseleleri çözmek ugrunda yzygiderli aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn.
Dünýägözel Haýytowa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni