Brand Finance halkara konsalting kompaniýasynyň täze hasabatyna görä, Sber “Brendiň güýji” görkezijisi boýunça Ýewropada birinji orny eýeledi. 2022-nji ýylyň reýtinginde Sber mümkin bolan 100-den 92,3 punkt ýygnap, iň ýokary AAA+ reýtingini aldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.
Dünýä brendleriniň arasynda Sber altynjy orny eýeledi, liderleriň bäşligine WeChat, Coca-Cola, Google, Youtube we Naver girdi. Mundan başga-da, liderleriň onlugynda Ferrari, Amazon, Deloitte we Pepsi bar.
Sber brendi örän çalt depginde ösýär diýip, marketing we kommunikasiýa departamentiniň direktory, uly wise-prezident Wlad Kreýnin belledi. Ol Sber bankyna eýýäm 104 mln hususy we üç mln korporatiw müşderiniň ynam bildirýändigini ýatlap geçdi.
Bir ýylyň dowamynda Sber brendiň bahasy boýunça-da (Brand Value) ornuny ep-esli gowulandyrdy, ol 25 punkt ýokary galdy.Brand Finance Russiýanyň öňdebaryjy bankynyň we ekoulgamynyň brendini 12,8 mlrd dollar bilen bahalandyrdy, bu bir ýyl ozalkydan 36 göterim köpdür.
Bu Sbere dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda 156-njy setiri eýelemäge mümkinçilik berdi (ondan öňki ýyl bank 181-nji orunda ýerleşipdi).