Sazyň nazaryýeti hepdeligi

Sazyň nazaryýeti hepdeligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda medeni mirasymyzy has hem içgin öwrenip baýlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ähli döredilýän mümkinçiliklerden ugur alyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hepde boýunça her kafedranyň hepdelikleri yzygider nobatma-nobat geçirilip gelinýär.

Hepdeliklerde esasan, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Magtymguly Pyragy bilen bagly ylmy-amaly maslahatlar, konsertler, döredijilik duşuşyklar geçirilýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň hepdelik günleri geçirildi.Hepdeligiň çäginde kafedranyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlar, bäsleşikler, leksiýa-konsert gurnaldy.Hepdeligiň ilkinji gününiň açylyş dabarasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşige konserwatoriýada dürli hünärden okaýan talyplar işjeň gatnaşyp, goşgy düzmekde, surat çekmekde, oýlanma ýazmakda öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.

Hepdeligiň ikinji gününde Magtymguly Pyragy we türkmen sungaty atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga daşyndan myhmanlar gelip özleriniň gyzykly maglumatlary bilen çykyş etdiler.

Hepdeligiň üçünji gününde konserwatoriýanyň Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy M.G.Saparmyradowanyň gurnamagynda Ýaş sazşynas 2024; saz ylmynyň wajyp meseleleri atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata konserwatoriýanyň mugallymlary, ýaş sazşynaslary işjeň gatnaşdylar. Ýaş sazşynaslar özleriniň prezentasiýaly, gyzykly toplan maglumatlary bilen çykyş etdiler. Bu geçirilen maslahat ýaş sazşynaslaryň öz hünärine bolan höwesini has hem artdyrdy.

Yzygiderlikde hepdeligiň dördünji gününde Sazşynaslyk hünäriniň talyplarynyň arasynda Breýn-ring intellektual bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik diýseň çekeleşikli we gyzykly geçdi. Bäsleşikde jemi alty adamdan ybarat bolan Gujurly we Sazlaşyk toparlary öz aralarynda soraglara dogry jogap bermekde bäsleşip Sazlaşyk topary ýeňiji boldy.

Hepdeligiň bäşinji gününde Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň taryhy atly ylmy-usuly maslahaty, Okatmagyň häzirki zaman usulyýeti: däp we innowasiýa bölümçesi geçirildi. Bu çärä konserwatoriýanyň professor mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

Hepdeligiň soňky gününde, ýagny ýapylyşynda Rejep Rejebowyň wokal döredijiligi atly leksiýa-konsert geçirildi.Bu geçirilen leksiýa-konserti hepdeligiň jemini jemledi.Dabara başlamagynyň öňi syrasynda hepdeligiň çäginde geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerini diplomlar, hormat hatlary bilen sylagladylar.

Ondan başga-da hepdeligi gurnamaga ýardam eden mugallymlara, hepdelikde işjeň gatnaşan talyplara hormat hatlary gowşurylyp köp sagbolsunlar aýdyldy.Gutlaglardan soň, Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň müdiri Annagylyjowa Şemşat Tirkeşownanyň alyp barmagynda leksiýa-konserti başlandy.

Bu dabarada konserwatoriýanyň mugallymlary Röwşen Baýramowyň, Aýna Seýitgulyýewanyň we talyplaryň ýerine ýetirmeginde kompozitor Rejep Rejebowyň döreden aýdymlary ýaňlandy.Birnäçe gyzykly taýýarlanylan wideo şekiller görkezildi.

Konsertiň ahyrynda ähli tomaşaçylar Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň müdiri Annagylyjowa Şemşat Tirkeşowna, şol kafedranyň ähli mugallymlaryna hepdelik boýunça geçirilen çäreleriň diýseň gyzykly geçendigini, lezzet alyp diňländiklerini belläp, köp sagbolsunlary aýdyp, işinde mundan beýläk-de üstünlikleriň köp bolmagyny arzuwladylar.

Bize şular ýaly ajaýyp zamanada ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi we boşatdy
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmen samboçylary Dünýä kubogyny 10 medal bilen jemlediler
Türkmen samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynyň 21 medalyna eýe boldular