Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar

Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar

Şazada Uilýam kakasy, Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III düwnük keseline ýolugmagy sebäpli, onuň jemgyýetçilik işi bilen bagly borçlarynyň bir bölegini öz egnine alyp biler. Bu barada Sky News teleýaýlymyna salgylanýan Belta.by saýty ýazýar.

Konstitusion işleri bolsa Karl III özi ýerine ýetirer. Monarh şeýle hem Premýer-ministr Rişi Sunak bilen her günki kabul edişligi dowam eder. Lukmanlaryň maslahat berşi ýaly, ol kabul edişlikler wideoaragatnaşyk arkaly bolar.

Öň Bukingem köşgi Beýik Britaniýanyň Patyşasynda düwnük keseliniň anyklanandygyny habar berdi.

Karl III keseli bilen baglylykda, onuň kiçi ogly şazada Garriniň ABŞ-dan watanyna gaýdyp gelendigini The Sun gazeti habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýada Patyşa maşgalasynyň iň garry agzasy şa zenan Mikasa aradan çykdy
Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy
Berliniň üstünde asman jisimi partlady