Halkara saz güni bolan 1-nji oktýabrda her ýurtda, her şäherde Onuň Alyhezreti Saza bagyşlanma-konsertler geçirilýär, bu jadyly sungat üçin üçin serhet-de ýok, oňa düşünmek üçin dilem gerek däl, ol diňleýjileriň aňyna we ýüregine täsir edip, dünýäni has gözel, sypaýy, köpgyraňly edýär.
Şol gün Aşgabatda Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalyna döredijilik ýokary mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň ýerine ýetirmeginde meşhur kompozitorlaryň eserlerini diňlemek üçin saz muşdaklary ýygnanýarlar. Halkara saz güni Halkara ýaşulylar güni bilen gabat gelýär, şol sebäplem diňleýjileriň arasynda uly ýaşly aşgabatlylar kändi. Nepis sazlar, ozaly bilen, olara niýetlenendi.
Däp bolşy ýaly, konsert dutar sazy bilen açyldy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Osman Güjümow Kerem geldi sazyny çaldy, tomaşaçylar ony gyzgyn garşyladylar.
Soňra konserti alyp baryjy çeh romantik-kompozitory Antonin Dworžagyň meşhur Kwintet eseriniň ýerine ýetirilýändigini yglan etdi. Bäşligiň hatarynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow (fortepianoda), şu ýylky bäsleşikde Prezident baýragyna mynasyp bolan Bahram Dolyýew (birinji skripkada), Ibragim Orazow (ikinji skripkada), Ýusup Gandymow (wiolençelde), Tahyr Ataýew (altda) bardy. Ussat sazandalar eseriň köpgatly intonasiýasyny bermegiň hötdesinden geldiler.
Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa Fernand Obradorsyň Emelsiz ispan aýdymyny çeper ştrihli we degişme äheňde labyzly ýerine ýetirdi.
Agşamda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin Genrih Wenýawsikiniiň, Nikkolo Paganininiň, Şarl Gunonyň, Albert Dopleriň, Iogann Sebastýan Bahyň, Feruçço Buzoniniň we beýleki tanymal kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Türkmen sazandalary dürli halkaryň sazlaryny ussatlarça ýerine ýetirip, diňleýjileriň alkyşyna mynasyp boldular.
Konsert Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň çykyşy bilen tamamlandy. Sazandalar Alfred Şnitkeniň Köne stildäki sýuitasyny we Grigoraş Dinikunyň Mart horowodyny ýerine ýetirdiler.
Biz sazandalardan gysgajyk interwýu aldyk.
Konsertiň guramaçylarynyň biri, konsertmeýster Stella Faramazowa:
- Bu saz agşamynyň esasy aýratynlygy sazandalar göwün halan eserlerini özleri saýladylar. Netijede dürli eserlerden düzülen konsert gyzykly geçdi.
Tahyr Ataýew, kirişli saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy:
- Öz hünär baýramymyzda saýlan eseriň bilen çykyş etmäge döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, diňleýjilerimize Alfred Şnitkeniň Köne stildäki sýuitasyny taýýarladyk. Eseriň türkmen sahnasynda 15 ýyl bäri çalynmandygyny bellemekçi. Diňleýjilerimiziň biziň saýlan eserlerimizi halandygyna begenjimiziň çägi ýok.