Saz läheňleri tagallalaryny birleşdirýärler

Saz läheňleri tagallalaryny birleşdirýärler

Dünýäniň Sony Music Entertainment, Universal Music Group we Warner Music Group saz leýblleri planetany ählumumy maýlamadan halas etmek üçin tagallalaryny birleşdirdiler, olar 2050-nji ýyla çenli saz ýazgy edýän senagaty howa taşlanýan hapa gazlardan arassalamak üçin Music Climate Pact atly borçlanma gol çekdiler. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Klimatik krizise garşy göreşe garaşsyz kompaniýalar hem goşuldylar, olar Beggars we Secretly, Warp, Ninja Tune hem-de beýleki toparlardyr. Artistleriň çykyşlaryndan howa taşlanýan zyňyndylary azaltmak boýunça BMG-niň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Race To Zero taslamasy 2050-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmagy göz öňünde tutýar.

Indiden beýläk iri saz kompaniýalary konsert çykyşlarynyň, winil plastinkalaryň önümçiliginiň we internet üsti bilen saz diňlemek üçin energiýanyň işlenip çykarylyşynyň uglerod yzlaryny öwrenerler.

Coldplay britan saz toparynyň artistleri ilkinji bolup aýdym-saz çykyşlary saparlarynyň zyýany barada oýlandylar. Olar geljekde öz çykyşlarynda ulanjak saz gurallaryny we yşyklandyryşy gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alynýan elektrik togundan iýmitlendirmegi maksat edinýärler, şeýle-de sahna ekologiýa taýdan arassa materillardan gurnalar, artistler gastrollar üçin awiauçuşlary kemeldip, adaty awtoulaglardan az peýdalanarlar.

Ýene degişli makalalar

Täze film
YouTube her gün näçeräk gazanýar
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…
Gülgün reňkli Barbi
Sony, Universal we Warner emeli aň ulgamyndaky startaplaryň üstünden kazyýete arz etdi
Amitabh Baççan Mugallyma atly rus filminiň hindi nusgasynda surata düşer