Saýrak dilli şahyr Gurbannazar Ezizow

Saýrak dilli şahyr Gurbannazar Ezizow

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Saýrak dilli şahyr Gurbannazar Ezizow ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň hem-de Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi, şahyr Gurbannazar Ezizow türkmen edebiýatynyň, şygryýetiniň ösmegine çuň mazmunly goşgular bilen baýlaşmagyna uly goşant goşan meşhur şahyrymyz. Çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan goşgulary, poemalary indi ençeme ýyllar bäri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip, halkyň kalbynda baky orun alýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmak boýunça giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Moskwada geçirilen halkara onlaýn festiwal-bäsleşiginde türkmenistanly operaçy birinji orny eýeledi
Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ildeşlerimize Türkmenistanyň Türkmenistanyň at gazanan itşynasy diýen hormatly atlar dakyldy
Aşgabatda Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi
Mukama siňen ömür atly festiwal başlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Mukama siňen ömür atly festiwalyň çäklerinde Arkadag şäherinde ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti geçirildi