Saýlawlaryň soňky netijeleri mälim edildi

Gruziýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Georgiý Kalandarişwili 26-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň soňky teswirnamasyna gol çekdi.Bu barada ýurduň saýlaw toparynyň web saýty habar berdi. “Soňky teswirnama düzüldi, şeýlelikde, saýlaw döwri tamamlandy” diýip, Kalandarişwili belledi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň sekretary Georgiý Jawahişwiliniň jemleýji ýygnakda belleýşi ýaly, dolandyryjy “Gruzin arzuwy Demokratik Gruziýa” partiýasy parlament saýlawlarynda 53,93 göterim ses alyp ýeňiş gazandy.Ol kanun çykaryjy edaradaky 150 orundan 89-syna eýe boldy.

MSK-niň sekretary ähli partiýalaryň alan sesleriniň göterimini hem mälim etdi. “Gruzin arzuwyndan” başga-da dört garşydaş partiýa 5 göterim päsgelçilikden geçdi. “Özgerişlik üçin bileleşik” 11,03 göterim gazandy we 19 orun eýeledi, “Agzybirlik milli hereket” 10,17 göterim we 16 orun, “Güýçli Gruziýa” 8,81 göterim we 14 orun, “Gruziýa üçin Gahariýa” 7,78 göterim we 12 orun aldy.

Mundan başga-da, Jawahişwiliniň habar berşi ýaly, 3,5 milliondan gowrak saýlawçydan 2,1 milliondan gowrak adam ses berdi.Takmynan, 34,9 müň saýlaw býulleteni güýjüni ýitiren diýlip yglan edildi. /* custom css */ .td_uid_15_673b2e83be6d9_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673b2e83be6d9_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Gruziýanyň Goranmak Ministri Azerbaýjanda Saparda Boldy
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Turkmenportalda myhmançylykda boldular
2023-nji ýylda ykdysady ösüşiň üçden bir bölegi Hytaýyň paýyna düşer
Bilýärdiňizmi: Mergen Orazow ― GDA-da milli ýygyndylaryň iň ýaş baş tälimçisi
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde suwy rejeli peýdalanmak bilen bagly ylmy maslahat geçirildi
Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar