Saýlawlarda ýeňiş gazandy

6-njy oktýabrda Tunisde geçirilen Prezident saýlawlarynda häzirki Prezidenti Kais Said sesleriň 89 göterimden gowragyna alyp, öňdeligi eýeledi. Bu barada ýurduň saýlaw topary mälim etdi.

Maglumatlara görä, Kais Said sesleriň 89,2 göterimine, “Azimun” partiýasynyň öňki wekili Aýaşi Zammel 6,9 göterim sese, “Harakat aş-Şabab” sosial demokratik partiýasynyň öňki wekili Zuheýr Magzaui bolsa, 3,9 göterim sese eýe boldy.

Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, saýlawlara gatnaşyk 27,7 göterime deň boldy.Ses berişlige jemi 2 million 704 müň 155 saýlawçy gatnaşdy.Daşary ýurtlarda ýaşaýanlaryň saýlawlara gatnaşygy 16,3 göterime ýetdi. 2019-njy ýylda geçirilen öňki Prezident saýlawlarynda birinji tapgyra gatnaşanlaryň sany 48,98 göterime deň bolupdy.

Tunisiň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet ýolbaşçysy ählumumy ses berişlik arkaly 5 ýyl möhlet bilen saýlanýar.

Tunis Respublikasynyň paýtagty Tunis şäheridir. 24 welaýatdan ybarat bu döwlet Afrikanyň demirgazygynda ýerleşýär. Maglumatlara görä, ýurtda 11 milliondan gowrak ilat ýaşaýar. Ýurduň demirgazyk, gündogaryny Orta ýer deňzi ýuwýar, günbatarda Alžir, günorta-gündogarda Liwiýa bilen araçäkleşýär. Tunis – ykdysadyýeti ýokary depgin bilen ösýän agrar-senagat ýurdudyr. Tunis 1956-njy ýylyň 20-nji martynda garaşsyzlygyna eýe bolýar.

Ýene degişli makalalar

Tunisiň gaýtadan saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi
Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi
Türkiyäniň Afrika ýurtlaryna eksporty artýar
Aliýew Fransiýa Reaksiýa Bildirdi
Marokkoly daýhanlar guraklygyň we howanyň üýtgemeginiň netijeleri bilen göreşýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy