Saýlaw möwsüminiň fonunda Internet haýallady

Saýlaw möwsüminiň fonunda Internet haýallady

Türkmenistanda saýlaw möwsümi dowam edýän mahaly, ýurduň Internet ulgamynyň tizligi ep-esli haýallady. Ulanyjylar VPN hyzmatlaryndan peýdalanmakda kynçylyk çekýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji fewralda Aşgabatdan habar berdi.

“Internetiň tizligi juda pese gaçdy. Hiç hili VPN çekenok. Hatda tölegli VPN-i bolan adamlar hem baglanyp bilmeýär. Hatlar örän haýal gidýär. Bir hat ibermek üçin 10 minut töweregi garaşmaly bolýar” diýip, bir paýtagt ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyz Internet ulgamynda emele gelen bökdençligiň tutuş Aşgabatda dowam edýändigini habar berdi.

Azatlyga mälim bolşuna görä, ýurduň Balkan hem-de Lebap welaýatlarynda hem ulanyjylar Internet aragatnaşygy bilen bagly bir meňzeş ýagdaýlara sezewar bolýarlar.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan käbir paýtagt ýaşaýjylary Internet aragatnaşygynyň häkimiýetler tarapyndan bilkastlaýyn haýalladylýandygyny aýdýarlar.

“Görnüşinden, bu kynçylyk adamlar YouTube-a tomaşa etmez ýaly edilen çemeli. Wideolara tomaşa etmek beýlede dursun, YouTube düýbünden açylmaýar” diýip, paýtagt ýaşaýjysy habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda Internet aragatnaşygynyň tizliginiň ep-esli haýallamagy ýurtda irki prezidentlik saýlaw möwsüminiň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “döwleti dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi” makul hasaplap, wezipeden çekilmek niýetini mälim edensoň, 12-nji fewralda Türkmenistanyň parlamentiniň aşaky palatasy ýurtda irki prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul etdi.

Munuň yz ýany, 13-nji fewralda Merkezi saýlaw topary ýurtda saýlaw möwsümini yglan etdi. Ertesi güni, 14-nji fewralda Türkmenistandyň häkimiýet başyndaky Demokratiki partiýasy prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hödürledi.

Saýlaw kampaniýalaryna badalga berilmegi bilen daşary ýurtlarda hereket edýän käbir türkmen oppozisiýa wekilleri Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgärlige döwtalap boldy. Daşary ýurtlardaky syýasy garşylyk toparlarynyň hem-de aktiwistleriň saýlawlar boýunça wideo çykyşlarynyň güýçlenmegi bilen Türkmenistanda onsuz hem örän haýal bolan Internetiň tizligi öňküsinden has-da haýallady.

Synçylar Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň asla açyklyk we aýdyňlyk şertlerinde geçirilmändigine ünsi çekip, ýokary wezipä dalaş edýän prezidentiň oglunyň “saýlaw ýeňşine” kesgitli netije hökmünde garaýarlar.

Serdar Berdimuhamedowyň dalaşgärliginiň resmi taýdan Merkezi saýlaw komiteti tarapyndan bellige alynmagynyň yz ýany, emigrasiýada ýaşaýan öňki syýasy tussag Geldi Kärizow YouTube ulgamynda çykyş edip, özüniň Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgärligini yglan etdi.

Şol bir wagtda, “Türkmenistanyň Demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň lideri Myrat Gurbanow Türkmenistanyň prezidenti wezipesine öz dalaşgärligini hödürledi.

Ýurduň daşynda öz-özlerini ýokary wezipä dalaşgär hödürleýän türkmen oppozisiýa wekilleriniň dalaşgärligini Türkmenistanda bellige almak prosesi, olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň jikme-jikligi mälim däl, ýöne olar özleriniň saýlawlaryň onlaýn geçirilmegi ugrunda kampaniýa alyp barýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 5-nji maddasy saýlawlaryň innowasion tehnologiýalar arkaly guralmagyna we geçirilmegine rugsat berýär.

Türkmenistanda Internetiň tizligi juda haýal bolmagynda galýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Internetiň tizliginiň ýaňy-ýakynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinden has ozal hem haýal bolandygyny habar berýär.

“Saýlawlaryň yglan edilmeginden soňra, ýagdaýlar ýaramazlaşdy. Olar (häkimiýetler-red.) saýlawlaryň yglan edilmeginden soňra, emigrasiýadakylaryň işjeňleşjekdiklerini bilýärdiler. Häkimiýetler oppozisiýanyň hem-de aktiwistleriň çykyşlaryndan ynjalyksyz bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Synçylar dünýäde dowam edýän pandemiýa çäklendirmeleriniň hem-de ýurtda giň ýaýran işsizligiň arasynda daşary ýurtlarda galýan türkmenistanlylaryň sanynyň köpdügini aýdýarlar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy adatdan daşary ýagdaýlarda we harby ýagdaý düzgüni hereket edýän döwründe saýlaw geçirilmegini gadagan edýär. Türkmenistanyň hökümeti öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady we pandemiýanyň fonunda ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaý yglan etmedi, ýöne sebitara hereketi çäklendirmek, bazarlary we dükanlary ýapmak ýaly bölekleýin karantin düzgünlerini girizdi.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Cable.co.uk neşiriniň geçen ýyl geçiren barlaglaryna görä, Türkmenistanyň ilatyna dünýäde iň haýal tizlikli Internet hödürlenýär.Galyberse-de, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurtda dürli Internet çeşmelerine gözegçiligiň berkidilmegini talap etdi.

Prezidentiň bu talaby Gazagystanda bolup geçen protestleriň yz ýanyna gabat geldi. Ýatlasak, ýanwaryň başlarynda Gazagystanda suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen tutaşan protestler soňy bilen zorlukly gozgalaňa öwrüldi we gazak häkimiýetleri öz ilatynyň nägileligini basyp ýatyrmak üçin Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan harby ýardam sorady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşyndaky türkmenler prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýärler
Saýlaw çärelerine gatnaşdyryljak talyp gyzlardan milli egin-eşik satyn almak talap edilýär
Aktiwistler Nýu-Ýorkda we Waşingtonda çykyş edip, türkmen syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi
Guterriş dünýädäki häzirki ýagdaýy dartgynly diýip häsiýetlendirdi
Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar
Lebapda we Aşgabadyň käbir etraplarynda internet birnäçe sagatlap bökdençis işledi