Saýlaw çärelerine gatnaşdyryljak talyp gyzlardan milli egin-eşik satyn almak talap edilýär

Saýlaw çärelerine gatnaşdyryljak talyp gyzlardan milli egin-eşik satyn almak talap edilýär

Türkmenistanda saýlaw möwsümi dowam edýän mahaly, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde bilim alýan talyp gyzlardan saýlawlara gatnaşmak üçin milli egin-eşik satyn almak talap edilýär. Bu aralykda prezident wezipesine dalaşgärleri bellige almak işleri dowam edýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji fewralda işden çekilmek niýetini ýaňzydansoň, ýurtda möhletinden öň prezident saýlawlaryny geçirmek kararlaşdyryldy. 12-nji martda geçiriljek saýlawlara ýurduň iň iri ýokary okuw jaýy talyp gyzlary çabyt, köýnek we birmeňzeş ýaka satyn almaga mejbur etmek bilen taýýarlyk görýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary Magtymguly uniwersitetinde talyp gyzlardan saýlawlarlar bilen baglylykda milli egin-eşik talap edilmeginiň jikme-jikligi barada habar berýärler.

Habarçylarymyz bilen atlandyrylmasyzlyk şertinde gürrüňdeş bolan studentler bu talaplaryň özleri üçin goşmaça çykdajy bolýandygyny aýdýarlar.

Talyp gyzlaryň sözlerine görä, olar 12-nji martda geçiriljek saýlawlara, şeýle-de saýlaw möwsüminde geçirilýän duşuşyklara milli egin-eşikde gatnaşmaly edilýärler.

Hususan-da, tölegli görnüşde ýokary bilim alýan talyplar goşmaça çykdajylaryň özlerine agram salýandygyny aýdýarlar.

"Okuw tölegine-de, egin-eşige-de pul ýetişdirip bolanok. Tölegli bilim alýan talyplar üçin bu has-da kyn bolýandyr” diýip, paýtagtda ýokary bilim alýan bir talyp Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Ol özüniň tölegli bilim alýandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçymyza görä, milli egin-eşik satyn almaly edilen talyplar saýlaw çärelerine gatnaşdyrylyp, olar döwlet telewideniýesinde görkeziler.

Talyplar 'çabyt' we köýnek satyn almaly. Çabyt aýal-gyzlaryň egne geýilýän ýukajyk dony bolup, köplenç toý çärelerine geýilýär. Türkmen metbugaty saýlawlara milli öwüşgin çaýýar, olary milli demokratiýanyň dabaralanmagy häsiýetlendirýär, ýöne saýlaw çäreleri üçin milli egin-eşik satyn almaga mejbur edilýän ýaş gyzlaryň çykdajylary barada habar bermeýär.

Paýtagtdaky ikinji habarçymyza görä, talyp gyzlaryň köýnekleriniň ýaka nagyşlary birmeňzeş bolmaly. Talap edilýän ýaka 120 manatdan bahalanýar.

Häkimiýetler saýlawlara mejbury çabyt’, köýnek we ýaka talaplary bilen taýýarlyk görýän mahaly, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri bellige almak işlerini dowam etdirýändigini aýdýar.

Ilkinji nobatda, häkimiýet başyndaky Demokratik partiýa tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow 15-nji fewralda Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alyndy. Munuň yz ýany, halkara saýlaw synçylaryna görä, şu wagta çenli erkin we adalatly saýlaw geçirmedik Türkmenistanyň Saýlaw topary yzly-yzyna prezidentlik wezipsine dalaşgärleri bellige alyp başlady.

Merkezi saýlaw komitetiniň 21-nji fewralda çap eden maglumatyna görä, raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Maksatmyrat Öwezgeldiýew we Kakageldi Saryýew hem-de Senagatçylar we Telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Babamyrat Meredow ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy.

Has ozal, 19-njy fewralda teklipçiler tarapyndan hödürlenen Perhat Begenjow, Berdimämmet Gurbanow hem-de Agrar partiýasyndan hödürlenen Agajan Bekmyradow dalaşgärlige bellige alyndy. Munuň bilen, şu wagta çenli ýedi dalaşgär resmi taýdan bellige alyndy.

Bu aralykda, ýurduň daşynda hereket edýän oppozisiýa wekilleri we aktiwistler, öňki syýasy tussag Geldi Kärizow, DWT toparynyň lideri Myrat Gurbanow, aktiwistler Nurmuhammet Annaýew we Ahmet Rahmanow hem Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara öz dalaşgärligini yglan etdiler.

Synçylar türkmen saýlawlarynyň açyklyk, aýdyňlyk, erkinlik we adalatlylyk şertlerine alada bildirýärler we duýdusansyz yglan edilen irki prezident saýlawlarynyň Türkmenistanda häkimiýeti atadan ogla geçirmek synanyşygy häsiýetlendirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşyndaky türkmenler prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýärler
Saýlaw möwsüminiň fonunda Internet haýallady
MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Prezident saýlawlarynyň netijelerine garaldy