Zenanlaryň göwün küýsegi bolan şaý-sepleriň owadanlygyndan zyýada olara dogry ideg edip, aýawly saklamak möhümdir. Kümüşden, altyndan we beýleki materiallardan ýasalýan şaý-sepleri aýawly saklamagyň birnäçe ýollaryny siziň bilen paýlaşýarys.
Yzygiderli süpüriň!
Islendik metal wagtyň geçmegi bilen zaýalanyp biler, şonuň üçin kümüş we altyn şaý-sepleriňiziň tebigy öwüşginini dikeltmek üçin mata bilen yzygiderli arassalamak maslahat berilýär. Olary ýyly suw we sabyn arkaly çyglanan ýumşak diş çotgasynyň kömegi bilen arassalamak hem ýerliklidir.
Maşk edeniňizde şaý-sepleriňizi çykaryň!
Islendik mehaniki täsir şaý-sepleriňizi çyzyp ýa-da deformasiýa edip biler. Şonuň üçin türgenleşikden we beýleki bedenterbiýe çärelerinden öň şaý-sepleri aýyrmagy ýatdan çykarmaň! Mundan başga-da, şaý-seplere ýokary temperaturanyň oňaýsyz täsir edýändigi üçin olary hammama girmezden ozal aýryň!
Himiki we kosmetika serişdelerinden daşda saklaň!
Kosmetika we himiki serişdeler şaý-seplerde tegmilleriň ýüze çykmagyna, reňkleriniň solmagyna we poslamagyna sebäp bolup biler.
Merjenden we tebigy daşdan ýasalan şaý-seplere üns beriň!
Merjen we tebigy daşlar bilen bezelen şaý-sepler Gün şöhlesiniň düşmeýän ýerinde saklanmalydyr. Şeýlelik bilen olar reňkiniň durnuklylygyny saklar. Bu şaý-seplere ultramelewşe şöhlelerinden başga-da ýodlanan deňiz suwy ýaramaz täsir edýär. Eger deňze girmezden ozal olary çykarmak ýadyňyzdan çykan bolsa, süýji suw bilen ýuwmak maslahat berilýär.
Şaý-sepleri gapda saklaň!
Şaý-sepleri aýratyn gapda saklamak ygtybarlydyr. Aýratynam kiçi kolleksiýalary öz içine alýan gulakhalka, bilezik, ýüzük ýaly bezeg şaýlaryňyzy aýratynlykda ýörite gutularda saklamak wajypdyr.
Zenan dünýäsi gaýtalanmajak gözellikdir.