Şawat—Daşoguz barlag-goýberiş nokadynda Syýahatçylyk-maglumat merkezi açyldy

Şawat—Daşoguz barlag-goýberiş nokadynda Syýahatçylyk-maglumat merkezi açyldy

Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk ulaglary assosiasiýasynyň metbugat gullugy Şawat—Daşoguz barlag-goýberiş nokadynyň (BGN) çäginde syýahatçylyk-maglumat merkeziniň açylandygyny habar berdi.

Merkez syýahatçylara medeni ýadygärlikler, daşary ýurtlularyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň galmagynyň tertibi ýaly hyzmatlary hödürleýär, şeýle hem E-Mehmon ulgamynda hasaba almagy amala aşyrýar.

Şeýle hem merkez howa we demir ýol peteklerini, myhmanhana otaglaryny bronlamak, sim-kartlary satmak ýaly hyzmatlary hem özünde jemlär.

Ýatlap geçsek, ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Şawat—Daşoguz bilelikdäki söwda zolagynyň açylmagyny çaltlaşdyrmak hakynda ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Faktlar Aşgabadyň sebit integrasiýasyna taýýar däldigini görkezýär - synçy
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny Özbegistana sapar bilen çagyrdy
Mirziýoýew Serhetlerden Şahsyýetnama Bilen Geçilmegini Teklip Etdi
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini resmi sapar bilen Özbegistana çagyrdy