Saudi Aramco kompaniýasynyň girdejisi artdy

Saudi Aramco kompaniýasynyň girdejisi artdy

Saudyň Saudi Arabian Oil Co. (Saudi Aramco) Döwlet nebit kompaniýasy 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda sap girdejisini tas 90 göterim artdyrdy, muňa nebitiň dünýä bahalarynyň ösüşi sebäp boldy diýip, Interfax.ru habar berdi.

Aprel-iýun aralygynda kompaniýanyň sap girdejisi bir ýyl mundan öň 25,5 milliard dollar bolanlygynyň deregine 48,4 milliard amerikan dollaryna deň boldy, bu kompaniýada 2019-njy ýyldan bäri rekord görkezijidir.

Saudi Aramco düşewündini 2022-nji ýylyň birinji ýarym ýylynda 88 milliard dollara çenli artdyrdy.

Girdejileriň köpelmegine nebitiň nyrhynyň artmagy we hakyky aňladylmada satuwlaryň, şeýle-de nebiti gaýtadan işlemekde hem-de nebithimiýasynda operasiýalaryň düşewüntliliginiň ýokarlanmagy sebäp boldy.

Uglewodorodlaryň gazylyp alnyşynyň umumy möçberi ikinji çärýekde gije-gündizde nebit ekwiwalentde 13,6 barrele deň boldy.

Maýa goýumlary ady agzalan döwürde 9,4 milliard dollary düzdi, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 25 göterim ýokarydyr.

Ýene degişli makalalar

Pakistanyň Maýa goýum geňeşi TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak isleýär
Türkmenistanda daşky gurşaw boýunça halkara ylmy maslahat geçiriler
Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Atatürkiň Aramgähine 1 Günde 1 Million 92 Müň Adam Baryp Gördi
Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähine Bardy
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
Zehinli ýaşlaryň festiwaly atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi