Saud Arabystanynyň Flyadeal awiakompaniýasy tutuşlygyna zenan ekipažy bilen gatnawy amala aşyryp, patyşalygyň raýat awiasiýasynyň taryhyna girdi. “The National” neşiriniň habar berşi ýaly, Saudia milli awiakompaniýasynyň arzan golçur kompaniýasy A320-de (Airbus-320) Er-Riýad Jidda ugry boýunça içerki uçuşy amala aşyrdy. Uçaryň bortunda, esasan, Saud Arabystanynyň raýatlary bardy diýip, TASS habar berýär.
Ekipažyň ähli ýedi agzasy, şol sanda uçarmanlar we stýuardessalar aýal maşgalady, howa gämisiniň komandiriniň birinji kömekçisi Ýara Ýan bolsa patyşalygyň zenan uçarmanlarynyň arasynda ýaşy boýunça iň kiçisi.Soňky ýyllarda patyşalykda aýal-gyzlara köp hukuk we mümkinçilik berlenden soň, olar köp pudakda, şol sanda awiasiýada özlerini görkezmegi başardylar. Şeýlelik bilen, 2019-njy ýylda 29 ýaşly Ýasmin al-Maýmani patyşalykda täjirçilik uçaryny dolandyran ilkinji zenan uly ofiser boldy.
Saud Arabystany ilkinji gezek 2014-nji ýylda aýallara uçary dolandyrmaga rugsat berdi, ýöne şol döwürlerde bu seýrek ýagdaýlarda bolupdy. 2018-nji ýylda patyşalykda Oksfordyň Awiasiýa akademiýasynyň (Oxford Aviation Academy) Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky ilkinji uçuş şahamçasynyň bazasynda uçarmanlary, şol sanda aýal-gyzlary taýýarlaýan saud awiasion akademiýasy açyldy.
Baş statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda professional iş bilen meşgullanýan aýal-gyzlaryň sany 2016-njy ýyldaky 19% bilen deňeşdirilende 33%-e çenli ýokarlandy.