Saud Arabystanynyň haj we umra işleri ministri, doktor Taufik bin Fauzan Al-Rabia zyýaratçylara hyzmat etmek bilen meşgullanýan ýokary wezipelilerden düzülen wekiliýetiň ýolbaşçysy hökmünde Türkmenistanda resmi saparda boldy. Bu barada spa.gov.sa saýty ýazýar.
Saparyň çäginde ministr Taufik bin Fauzan Al-Rabia Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary Baýramgul Orazdurdyýewa, şeýle hem ýurduň müftüsi Ýalkap Hojagulýew bilen duşuşdy.
Duşuşyklaryň dowamynda Saud Arabystany Patyşalygy bilen Türkmenistan arasynda zyýaratçylar üçin hyzmatlar pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, haj däp-dessurlaryny aňsatlyk we rahatlyk bilen ýerine ýetirmekleri üçin zyýaratçylaryň tejribesini nädip baýlaşdyrmalydygyna üns çekildi.
Mundan başga-da, wekiliýetiň düzüminde Türkmenistana gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň Raýat awiasiýasy müdirliginiň başlygy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktorynyň arasynda hem möhüm duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistandan barýan zyýaratçylaryň syýahaty bilen baglanyşykly hyzmatlary gowulandyrmak üçin hyzmatdaşlygyň we ugurdaş tagallalary utgaşdyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.