Saud Arabystany soňky ýyllarda geçirilýän birgiden özgertmeler netijesinde hristianlaryň baş baýramyny bellemäge rugsat berdi diýip, Financial Times gazetine salgylanýan Belta.by saýty ýazýar.
Öň ýurtda hristianlaryň bu esasy baýramy bilen baglylykda hiç hili resmi dabaralar geçirilmeýärdi. Indi ady tutulan gazetiň ýazmagyna görä, bu ýyl Er-Riýadyň ýaşaýjylary söwda merkezlerinde möwsümleýin egin-eşik görkezilişlerine tomaşa edip, Roždestwo arçalaryny satyn alyp bilerler.
The Guardian neşiri hem Santa-Klausyň başgabynyň, zerli sapaklaryň, emeli garyň, hatda Täze ýyl arçasynyň hem ýerli dükanlardyr garbanyşhanalary bezeýändigini ýazýar.
Munuň üstesine Saudyň resmi gazetleriniň biri öz taryhynda ilkinji gezek ýörite baýramçylyk sanyny çap etdi. Iňlis dilli Arab News gazeti ýurduň ilatynyň Roždestwo ruhy bilen gurşalandygyny ýazýar.
Täzeden dolanyp gelen Roždestwo ruhy ýurduň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salman Al Saudyň geçiren birnäçe möhüm özgertmeleri netijesinde mümkin boldy. Ol özgertmeleriň hatarynda şeýle-de ykdysadyýeti nebite az garaşly etmek üçin geçirilýän üýtgedip gurmak, durmuşda dini çäklendirmeleri gowşatmak bar.