Saud Arabystanynda katarly sürüji ýeňiş gazandy

Dünýäniň iň kynçylykly ýaryşlarynyň biri bolan Dakar Rallisi tamamlandy. 45-nji gezek geçirilen Dakar Ralli ýaryşy bu ýyl Saud Arabystanynda guraldy.

Iki hepdeden gowrak wagt dowam eden ýaryşda ýeňil awtoulag sürüjileriniň arasynda çempion üýtgemedi. “Red Bull” toparynyň adyndan çykyş eden katarly Nasser Al-Attiýa özüniň “Toyota GR DKR Hilux” kysymly ulagy bilen bassyr 2-nji, umumylykda 5-nji gezek Dakaryň ýeňijisi boldy. 14 tapgyryň 3-sinde ýeňiş gazanan Al-Attiýa 45 sagat 03 minut 15 sekuntda pellehana geldi. “Prodrive” kysymly ulag bilen ýaryşa gatnaşan fransiýaly Sebastian Lýob ýeňijiden 1 sagat 2 minu 49 sekunt az netije görkezdi.

Braziliýaly Lukas Moraes (“Toyota”) ýaryşy 3-nji orunda tamamlady.

Motosiklçileriň arasynda “Red Bull” toparynyň argentinaly sürüjisi Kewin Benawides özüniň KTM kysymly motosikli bilen 44 sagat 27 minut 20 sekuntda pellehana gelip, 1-nji orny eýeledi.Bu onuň ikinji çempionlygy bolup, ol 2021-nji ýylda-da çempionlyk gazanypdy.

Kewin Benawides soňky 2 tapgyrda ýeňiş gazanyp, umumy sanawda öňe saýlandy.Soňky tapgyra çenli umumy sanawda 1-nji orunda bolan 2016-njy we 2019-njy ýyllaryň çempiony, awstraliýaly Tobi Praýs (KTM) 2-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy.

Ol ýeňijiden 43 sekunt az netije görkezdi.Amerikaly Skaýler Howes (“Husqvarna”) 3-nji orna mynasyp boldy.

Ýük ulaglary sürüjileriniň arasynda “Iveco PowerStar” kysymly ulaglary bilen niderlandlarly Ýanus Wan Kasteren we ekipažy (Darek Rodewald, Marsel Sniýders) ýeňiş gazandy. “Kamaz” toparynyň çykyş etmedik ýaryşynda “Iveco” 3-nji gezek Dakaryň ýeňijisi boldy. 3 tapgyrda ýeňiş gazanan Wan Kasteren 54 sagat 03 minut 33 sekuntda pellehana gelip ýetdi.

Bäsleşige şowly başlan çehiýaly Martin Maçik (Iveco) 2-nji, başga bir niderlandlarly sürüji Martin Wan Den Brink 3-nji ýeri eýeledi.

Kwadrasiklçileriň bäsleşiginde fransiýaly “Yamaha Raptor 700” kysymly ulagy bilen gatnaşan Aleksandr Žiru bu ýylda-da ýeňiş gazandy. Başdanaýak öňe saýlanan Žirunyň görkezen netijesi 56 sagat 44 minut 30 sekunda deň boldy. Argentinaly Fransisko Moreno Floresiň bassyr ikinji gezek 2-nji bolan ýaryşynda amerikaly Pablo Kopetti 3-nji ýola münberiň 3-nji basgançagyna çykdy.

Ýeňil prototip (T3) görnüşli ulaglaryň sürüjileriniň ýaryşynda amerikaly Ostin Jeýmse taý tapylmady. Ol 51 sagat 55 minut 53 sekuntda ýaryşy tamamlady. SSVs (T4) görnüşli ulaglaryň sürüjileriniň arasynda polşaly Erik Goçzal 53 sagat 10 minut 13 sekuntda pellehana gelip, litwaly Rokas Basiuşkadan hem-de öz dogany Marek Goçzaldan öňe saýlandy. Motul ulaglarynyň sürüjileriniň ýaryşynda-da

Nusgawy ulaglaryň sürüjileriniň bäsleşiginde-de ispaniýaly Huan Morera 1-nji, watandaşy Karlos Santaolalla 2-nji hem-de italiýaly Paolo Bedeski 3-nji ýeri eýeledi.

Ýene degişli makalalar

“Atalantanyň” yzly-yzyna 11-nji ýeňşi, “Ýuwentusyň” 10-njy deňligi
Ösümlikleri in witro usuly arkaly köpeltmek
5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy
Türkmenistanyň we Gazagystanyň dil ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ynam bildirilýär
Ferdinand Markos Filippinleriň Prezidenti boldy
Silc Sonic “Ýylyň aýdymy” nominasiýasynda Grammy baýragyny aldy