Saud Arabystanynda beýikligi iki kilometre ýetýän gökdirän gurmakçy bolýarlar. Bina Dubaýdaky häzirki 828 metrlik Burj Halifa gökdiräninden hem birnäçe esse belent bolar diýip, Middle East business intelligence neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.
Ägirt uly binany ýurduň Garaşsyz gaznasy gurmakçy, ol Er-Riýaddan demirgazykda gurlar hem-de meýdany 18 inedördül kilometri eýelär.
Potratçylar taslamany 5 milliard dollar bahalaýarlar. Neşiriň ýazmagyna görä, häzir gatnaşmak üçin bir million dollar töleg geçirmek şerti bilen tender dowam edýär.
Şol bir wagtda Patyşalygyň demirgazyk-günbatarynda Mirror Line diýen at bilen uzynlygy 120 kilometre we beýikligi 490 metre ýetýän şäher gurulýar. Ol ýerde bäş million adam ýerleşip biler. Ol öz arasynda pyýadalar üçin ötük arkaly birikdirilen iki sany gördirän görnüşinde bolar.
Häzirki wagtda ýurtda iň beýik bina Patyşalyk sagat diňi bolup durýar, ol Mekgedäki Abraj al-Beýt atly beýik binalar toplumyna degişlidir.