Saud Arabystanynda Haj Parazasyny Berjaý Etmek Üçin Baran 1301 Adam Wepat Boldy

Saud Arabystanynda Haj Parazasyny Berjaý Etmek Üçin Baran 1301 Adam Wepat Boldy

Ministri Fahd Abdurrahman al-Jalajal Al-İhbariýýa ýaýlymyna beren beýannamasynda mukaddes diýarlara haj parazasyny berjaý etmek üçin baran adamlaryň saglyk ýagdaýy hakynda maglumat berdi.

Şu ýyl sebitde “aşa yssy howanyň” dowam edýändigini beýan eden Jalajal haj parazasyny berjaý etmek üçin mukaddes diýarlara baran köp sanly adamyň ondan zyýan çekendigini aýtdy.

Wepat bolanlaryň sanynyň 1301 adama ýetendigini we şolardan 83 sanysynyň haj ybadaty üçün rugsadynyň ýokdugyny beýan eden ministri Jalajal, saglyk ýagdaýy ýaramazlaşanlaryň käbirleriniň bejergisiniň dowam edýändigini mälim etdi.

Haj parazasyny berjaý etmek üçin mukaddes diýara baran 1,3 milliondan gowrak adama saglyk hyzmatyny berýändiklerini aýdan ministr Jalajal, wepat bolanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Prezidenti Raisi Wepat Boldy
W.Hajyýew Parahatçylyk uniwersitetiniň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik synçysy bilen duşuşdy
MAFA - 2024, U-17: Türkmen ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi
Türkmen diplomaty Human Rights Watch guramasynyň Ženewadaky edarasynyň direktory bilen duşuşdy
Türkmen resmisi adam hukuklaryny goraýjy halkara HRW guramasynyň wekili bilen duşuşdy