Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi

Saud Arabystany Patyşalygyna barýan Russiýanyň ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden Eýrana geçdi. Bu barada Eýranyň Gülistan welaýatynyň gümrük bölüminiň baş müdiri Şahriýar Şahriýari habar berdi.

Demirgazyk Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça hereket edýän 36 sany konteýnerli otly Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun serhet geçelgesine bardy.

Şeýle hem Eýranyň Demir ýollarynyň başlygy rus otlusy üçin resminamalary taýýarlamagyň tamamlanandygyny we ýük otlusynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň port şäheri bolan Jidda iberilmegi üçin Eýranyň günortasyndaky Bandar Abbas portyna ugradylandygyny aýtdy.

Ýük otlusy Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň ulag infrastrukturasyny ulanyp, Demirgazyk Günorta halkara gury ýer geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça hereket edýär.

Eýranyň metbugatyna görä, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň Ýewropa 250 milliard dollar töweregi hindi, hytaý we Gündogar Aziýa önümleriniň iberilmegini üpjün eder.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Ilkinji Russiýa-Saud Arabystany ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
“Türkmenhowaýollary” Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar
“Türkmenhowaýollary” Kuala-Lumpura hepdede iki gezek howa gatnawlaryny amala aşyrar
Türkmenhowaýollary Jidda şäherine ýolagçy gatnawynyň sanyny artdyrdy
Türkmenistan awiakompaniýasy täzelenen halkara uçuş tertibini hödürledi