Saud Arabystany sentýabrda Aziýadaky we ABŞ-daky müşderileri üçin nebitiň bahasyny ýokarlandyrar

Saud Arabystany sentýabrda Aziýadaky we ABŞ-daky müşderileri üçin nebitiň bahasyny ýokarlandyrar

Saud Arabystany sentýabr aýynda ABŞ-dan we Aziýa ýurtlaryndan alyjylar üçin eksport edilýän nebitiň bahasyny ýokarlandyrar. Bu barada Saudi Aramco döwlet kompaniýasynyň metbugat relizine salgylanyp, Dow Jones habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Aziýa iberilýän esasy Arab Light görnüşiniň bahasy barreline $0,5 ýokarlanar.Netijede, ol Omanyň we Dubaýyň nebit sebedine garanyňda, barreline $9,8 ýokary bolar.Arab Extra Light görnüşiniň bahasy 30 sent ýokarlandyrylar.

Bahalaryň ýokarlanmagy analitikleriň garaşanyndan has pes boldy diýip, Bloomberg agentligi ýazýar.ABŞ-a eksport edilýän Arab Light üçin baha hem sentýabr aýynda 50 sent ýokarlanyp, Argus Sour Crude Index bençmarkynyň bahasyndan barreline $6,15 ýokary bolar. Şol bir wagtyň özünde Demirgazyk-Günbatar Ýewropadan we Ortaýer deňzi ýurtlaryndan alyjylar üçin bahalar, degişlilikde, 60 we 40 sent arzanlar, netijede Brent bahasy üçin premiýa barreline $4,7 bolar.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystany ABŞ-dan galan ähli alyjylar üçin nebitiň bahasyny arzanladar
Nebitiň bahasyny ýokarlandyrdy
Saud Arabystany ähli sebitlerde nebitiň nyrhlaryny arzanlatmakçy
Apple USB Type-C zarýad berijili iPhone-y synag edýär
Kuweýt Aziýa ýurtlaryna satýan nebitiniň nyrhyny gymmatlatmakçy
Reuters: Kuweýt Aziýa ýurtlary üçin nebitiň maý aýyndaky üpjünçiliginiň bahasyny ýokarlandyrdy