Saud Arabystany: "Sanksiýalar sebäpli energiýa üpjünçiliginiň kesilmek howpy bar" diýdi

Saud Arabystany: "Sanksiýalar sebäpli energiýa üpjünçiliginiň kesilmek howpy bar" diýdi

Saud Arabystanynyň Energetika ministri Abdulaziz bin Selman, Halkara Energiýa ykdysadyýet jemgyýetiniň, ýurduň paýtagty Riýad şäherinde geçiren maslahatynda, "Energiýa akymyna päsgel berýän sanksiýalaryň energiýa bazaryna täsiri" bilen baglanşykly soraga, "Sanksiýalar, embargolar we energiýa pudagyna maýa goýumlaryň ep-esli azalmagynyň" global energiýa üpjünçiliginde kemçiliklere sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.

Sanksiýalaryň ýaramaz täsirine ünsleri çeken we iň zerur wagtda ähli ugurlarda energiýa üpjünçiliginiň kesilmek howpunyň bardygyny aýdan Saud Arabystanynyň Energetika ministri, haýsy sanksiýalary göz öňünde tutýandygy barada bolsa maglumat bermedi.

Global energiýa bazarlarynyň OPEC-e agza we OPEC+ toparyna ynanmagynyň gerekdigini aýdan Saud Arabystanynyň Energetika ministri: "Sebäbi käbir syýasy meselelere goşulmaýarys, kararlarymyz tehniki häsýetde" diýip beýan etdi.

Bin Selman: "Men düýbünden ýalňyşýaryn diýip umyt edýärin, ýöne şu gün bolup geçen hadysalaryň energiýa üpjünçiliginiň ýetmezçiligine sebäp bolmagy ähtimal" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Indoneziýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Gazagystan Bilen Saud Arabystanynyň Arasynda Wyza Boýunça Ylalaşyk Gazanyldy
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Şeýbani şu gün Türkiyä sapar gurar
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Siriýa temaly maslahata gatnaşdy