Saud Arabystany resmi taýdan BRIKS guramasyna goşuldy diýip, ýurduň Al Ekhbariya döwlet teleýaýlymyna salgylanýan Gazeta.ru habar berdi. Patyşalygyň Russiýa, Hytaý we beýleki döwletler girýän BRIKS guramasyndaky doly hukukly agzalygy başlandy, bu ýurduň dünýädäki eýerýän ugruny berkider diýlip, teleýaýlymyň habarynda aýdylýar.
Guramanyň 2023-nji ýylyň 22-24nji awgustynda Ýohannesburgda geçen duşuşygynda topara Argentinanyň, Eýranyň, Efiopiýanyň, Müsüriň, Saud Arabystanynyň we BAE-niň 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan goşulýandygy barada çözgüt kabul edildi.