Saud Arabystany, Müsür we Gresiýa 2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny bilelikde geçirmek isleýärler. Eger arza hatyny oňlasalar turnir, Katardaky mundial ýaly, gyşda geçer diýip, öz çeşmelerine salgylanýan The Times gazeti ýazýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, ýakyn wagtda üç döwletiň bilelikdäki arzasy hakynda resmi görnüşde mälim ediler.Saud Arabystanynyň, Müsüriň we Gresiýanyň ministrler kabinetleriniň derejesinde geçen gepleşiklerden soň şeýle karar kabul edildi.
Gresiýada we Müsürde sport infrastrukturasyny taýýarlamakda çykdajylaryň bir bölegini Er-Riýad öz üstüne almaga taýýar diýip bellenilýär.Agzalan talap haty Ispaniýanyň we Portugaliýanyň bilelikdäki talap hatyna (muny UEFA hem goldaýar, çünki Müsür, Gresiýa we Saud Arabystany dürli konfederasiýalardan) çynlakaý bäsdeş bolmaly. Şonuň bilen birlikde Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynyň wekilleri ýene bir Dünýä çempionatynyň gyşda geçirilmegine garşy. Çempionatyň hatyrasyna olar bir aýdan gowrak wagtlap möwsümiň arasyny üzmeli bolar.
Owal dünýä çempionaty-2030-y geçirmek üçin Urugwaýyň, Argentinanyň, Çiliniň we Paragwaýyň talap hatyny berendigini ýatladýarys. Şeýle hem mundiala Marokko we bilelikdäki talap haty bilen Rumyniýa, Gresiýa, Bolgariýa we Serbiýa dalaş edýär.