Saud Arabystany martda nebitiň bahasyny gymmatlatmakçy

Saud Arabystany martda nebitiň bahasyny gymmatlatmakçy

Saud Arabystany öňdäki mart aýynda ähli sebitlerden bolan müşderiler üçin nebitiň nyrhyny gymmatlatmakçy diýip, Saudi Aramco döwlet kompaniýasy habar berdi. Bu barada Interfax.ru ýazýar.

Nebitiň bahasy esasan-da ýewropaly müşderiler üçin gymmatlar, ähli sortdan bolan nebitiň barreliniň bahasy 2 dollar gymmatlar.

ABŞ-dan satyn alyjylar üçin gara altynyň bahasy geljek aýda barrel üçin 0,3 dollar gymmatlar. Diňe ýeňil nebit görnüşiniň nyrhy üýtgewsizligine galar.

Aziýaly müşderiler üçin nebit bir barrel üçin 0,2-0,6 dollar gymmatlar. Diňe Arab Extra Light görnüşli gara altynyň bahasy 1,3 dollar arzanlap, Oman/ Dubaý nebit sebedinden bir barrel üçin 2,25 dollar gymmat bolar.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystany ähli sebitlerde nebitiň nyrhlaryny arzanlatmakçy
AGG Lighting innowasion magnitli trek yşyklandyryş ulgamlaryny hödürleýär
Kuweýt Aziýa ýurtlaryna satýan nebitiniň nyrhyny gymmatlatmakçy
Reuters: Kuweýt Aziýa ýurtlary üçin nebitiň maý aýyndaky üpjünçiliginiň bahasyny ýokarlandyrdy
Volkswagen we Tesla iň abraýly kompaniýalaryň sanawyndan çykdy
Saudi Aramco заявила о планах повысит цены на все сорта нефти для всех регионов