Saud Arabystanynyň Haj işleri boýunça ministrligi Patyşalygyň hökümetiniň şu ýylky hajy guramakda COVID-19 ýokanjy bilen bagly girizilen çäklendirmeleri ýatyrmakçydygyny habar berdi.
Zyýaratçylaryň sany pandemiýadan öňki döwrüň görkezijilerine gaýdyp geler, ýaş boýunça çäklendirmeler bolmaz diýip, ministrligiň ýolbaşçysy Taufika Al-Rabiýa habar berdi.
Ýurduň Al-Arabiýa neşiri 2019-njy ýylda haja 2,6 million adamyň barandygyny ýazýar. Emma pandemiýa wagtynda Patyşalygyň häkimiýetleri 2020-2021-nji ýyllarda haja diňe çäklendirilen zyýaratçylary, 2022-nji ýylda bolsa 1 million adamy goýberdi.
Şeýle-de 2022-nji ýylda haj parzyny berjaý etmäge 18-65 ýaş aralygyndaky, doly sanjym alan ýa-da koronawirusa garşy immuniteti bolan, ötüşen keseli bolmadyk adamlara rugsat berildi.
2023-nji ýylda haj 26-njy iýunda başlanmaly.
Haj Mekkä zyýarat bolup, ol ýerde yslamyň esasy keramatly ýeri bolan Käbe ýerleşýär. Yslam dininiň ýörelgelerine görä, her bir musulman ömründe iň bolmanda bir gezek, eger saglygy we maliýe ýagdaýy mümkinçilik berýän bolsa, Käbä zyýarat etmelidir diýip, Interfax.ru ýazýar.