Saud Arabystany: "Haj parzyny berjaý etmek üçin gelen adamlaryň sany 1,5 milliondan geçdi"

Saud Arabystany: "Haj parzyny berjaý etmek üçin gelen adamlaryň sany 1,5 milliondan geçdi"

Saud Arabystanynyň resmi habarlar agentligi SPA tarapyndan berilen habara görä, Pasportlar baş müdürligi, düýn agşama çenli gury ýerden, howa we deňiz ýollary arkaly ýurda giren hajy dalaşgärleriniň sany bilen bagly beýannama berdi.

Ýurda 1 million 626 müň 500 adamyň girendigi bellenen beýanatda, şolardan 1 million 559 müň 53-siniň howa ýollary arkaly, 60 müň 617-siniň gara ýollary arkaly, 6 müň 830-synyň bolsa deňiz ýollar arkaly gelendigi habar berildi.

Saud Arabystanynyň Statistika gullugy tarapyndan berilen beýannama görä, 2023-nji ýylda Haj parzyny berjaý etmek üçin ýurduň öz içinden we daşary ýurtlardan jemi 2,4 million adam geler.

Ýene degişli makalalar

Balkanda mallaryň arasynda ýaýraýan guduzlamanyň ilata ýokuşandygy güman edilýär, birnäçe oba karantine alyndy
Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy
Türkmenpoçta ugradylýan ýükleriň öz wagtynda barmagyny we abatlygyny kepillendirýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasy uçarbeletleri okuwyna kabul edýär
Biometriki pasport üçin nobatlar indiki ýyla çenli uzady
Balkan welaýatynda biometriki pasportlary almak üçin paranyň möçberi azaldy