
Saud Arabystany golaý ýyllarda özüniň demir ýollarynyň zynjyryny 8 müň kilometre çenli ýetirmegi maksat edinýär. Bu barada ýurduň ulag ministri Saleh ben Naser al-Jasir Er-Riýad şäherinde Rail maslahatynyň we sergisiniň açylyş dabarasynda aýtdy diýip, Saudi Press habarlar gullugyna salgylanýan Report ýazýar.
Patyşalyga demir ýol ulgamynyň görlüp-eşidilmedik ösüşi garaşýar. Täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, golaý ýyllarda onuň yzynlygy 8 müň kilometrden geçer diýip, ministr nygtady.
Häzirki döwürde Saud Arabystanynyň demir ýollarynyň uzynlygy 5,5 müň kilometrden geçýär. Ministriň sözlerine görä, ulgamyň giňeldilmegi Patyşalyga sebitiň logistika merkezi bolmaga mümkinçilik berer.