Saud Arabystany bir gezeklik giriş wizalarynyň möhletini uzaldýar

Saud Arabystany bir gezeklik giriş wizalarynyň möhletini uzaldýar

Saud Arabystanynyň häkimiýetleri bir gezeklik wizanyň möhletini üç aýa çenli ýokarlandyrar. Bu barada Saudi Gazette habar berýär.

Şu wagta çenli bu görnüşli giriş resminamasy bir aý möhlet bilen berilse, 90 günlük rugsatnama diňe birnäçe wagtlyk giriş wizasyna berilýär.

Tranzit wizalarynda galmagyň möhleti hem tölegsiz 96 sagada çenli uzaldyldy. Tranzit resminamalary üç aý dowam eder.

2019-njy ýylyň 27-nji sentýabryndan bäri Saud Arabystany daşary ýurt raýatlary, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary üçin syýahatçylyk wizalaryny hödürledi. Wiza almak üçin Saud Arabystanynyň diplomatik wekilhanalarynyň birine öňünden ýüz tutmaly.

Ýene degişli makalalar

Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gürjüstan we Türkiýe transport koridoryny döreder
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi
Türkmenistan Täjigistana barýan ýükleri “howpsuzlyk sebäpli” goýbermeýär
Dünýäde iň haýal internetli Türkmenistanda ýerli IT kompaniýalary kiberhowpsuzlygy maslahat edýär
Türkmenistan “milli kiberözbaşdaklygy” goramak üçin, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” kanun kabul edýär
17.03.2020 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur