Saud Arabystany 2024-nji ýylyň fewralyndan başlap, sebitleriň ählisi üçin nebitiň bahalaryny peselder diýip, Saudi Aramco döwlet kompaniýasyna salgylanýan Interfax.ru habar berdi.
Ýagny aziýaly satyn alyjylar üçin gara altynyň bahasy bir barrel üçin 2 dollar arzanlar. Netijede, Aziýa eltilýän nebitiň esasy sorty bolan Arab Light Omanyň we Dubaýyň nebit bahasyndan 1,5 dollar köp bolar, bu 2021-nji ýylyň noýabryndan bäri iň pes bahadyr.
ABŞ üçin bahalar fewralda barrel üçin 2 dollar, Demirgazyk-Günbatar Ýewropa we Ortaýer sebiti üçin 1,5-2 dollar arzanlar.