
Saud Arabystanynyň Saudi Aramco milli nebit kompaniýasy nebitiň bahasynyň ABŞ-dan başga ähli sebitleriň alyjylary üçin arzanladylýandygyny mälim etdi. Bu barada Bloomberg habar berýär.
Demirgazyk-Günbatar Ýewropadan we Ortaýer deňzi ýurtlaryndan bolan alyjylar üçin saud nebitiniň ähli markalarynyň diýen ýaly her barreliniň bahasy 2$ arzanladylar diýip takyklanýar. Şonuň bilen birlikde, ABŞ ugradylýan Arab Light nebitinden beýleki sortlaryň hemmesiniň barreli 0,5$ gymmatlaýar. Arab Light-yň her barreli, öz nobatynda, öňküsi ýaly, Argus Sour Crude Index bençmarkyndan ýokary, 6,15$ bolar.