Saud Arabystany 2027-nji ýylyň başyna çenli nebit önümçiligini günde 13 mln barrele çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýle bildirişi ýurduň Energetika ministri Abdel Aziz ben Salman Al Saud Bahreýnde geçirilen energetika konferensiýasynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.
Al Saud “nebit gözlemek we gazyp almak sferasynda maýa goýumlaryň diňe şu maksada ýetmek üçin gönükdiriljekdigini” belledi.Ol “ýurduň içinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagynyň nebit eksportyna has köp üns bermäge we beýleki ýurtlara iberilýän çig maly köpeltmäge mümkinçilik berjekdigini” sözüniň üstüne goşdy.
Mundan başga-da, ministr “energetika pudagynda önümçilik kuwwatynyň peselmeginiň halkara jemgyýeti tarapyndan üns berilmeli global meseledigini” belledi.Halkara Energetika Agentliginiň (HEA) maý aýyndaky hasabatyna görä, beýleki OPEK+ ýurtlaryndan tapawutlylykda Saud Arabystany aprel aýynda önümçiligi birneme ýokarlandyryp bildi bir aý ozalky 10,28 mln b/g bilen deňeşdirilende, 10,4 mln b/g çenli.