
Saud Arabystany, 12 ýyl soň Siriýanyň paýtagty Damaska ilçi belledi.
Saud Arabystanynyň SPA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Faýsal bin Suud al-Mijfil, Damaska ilçi hökmünde bellendi.
Mijfil, Siriýa bilen Saud Arabystanynyň arasynda 12 ýyl ozal kesilen diplomatik gatnaşyklaryň gaýtadan ýola goýulmagy bilen Damaska bellenen ilkinji ilçi boldy.
Saud Arabystany 2011-nji ýylda Siriýada içerki urşuň başlmagyndan 1 ýyl soň Damaskdaky ilçihanasyny ýapypdy.
Siriýanyň hökümetiniň 2023-nji ýylyň 7-nji maýynda Arap Ligasyna gaýtadan agza bolmagyndan soň 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda Saud Arabystany bilen Siriýa diplomatik gatnaşyklarynyň başlandygyny habar beripdi.
Siriýanyň hökümeti hem 11 ýyl soň 6-njy dekabrda Saud Arabystanyna ilçi belläpdi.