Satuwy ýokarlandy

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasynyň global satuwy aprel-sentýabr aýlaryny öz içine alýan alty aýyň dowamynda 8,3 göterim artyp, 5,6 million birlige ýetipdir. Maliýe ýylynyň ilkinji alty aýy bolan bu döwürde ýapon kompaniýasy global hyzmatdaşlary Daihatsu hem-de Hino brendleri hem goşulanda ösüş 10 göterim bolup, 5,7 million birlige ýetipdir.

Toyota we Lexus awtoulaglarynyň satuwy Afrikada 22 göterim artyp, dünýäniň beýleki sebitlerinden görnetin tapawutlanypdyr. Ýakyn Gündogar ýurtlarynda 17 göterim, Demirgazyk Amerikada 9,4 göterim we Ýewropada 7 göterim ösüş hasaba alnypdyr. Toyota-nyň elektroulag satuwy bolsa, degişli döwürde 38 göterim artyp, 1,8 milliona ýetipdir.

Hojamuhammet HOJAMUHAMMEDOW,

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Has rahat oturgyçly täze awtomobilleriň sanawy düzüldi
Ýaşy 3 ýyl bolan iň ygtybarly awtomobiller belli edildi
Täze nesil Lexus LX SUV awtoulagy 14-nji oktýabrda tanyşdyrylar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar
Türkmenistanda ogul atasynyň ornuny alýar
Türkmen türgenlerine hormatly Prezidentimiziň sylaglary...