Sary Uýgur Türkçesi

Sary Uýgur Türkçesi

Sary uýgur türkleri, Sary uýgur türkleriniň ýaşan ýeri we Sary uýgurça hakynda maglumat bermekçi.

Uýgurlar 8-nji asyryň ortalarynda şu günki Mangoliýanyň territoriasynda 745-780-nji ýyllarda guran döwletleriniň ýykylmagyndan soň ýurtlaryny terk edýär.Uýgurlaryň bir bölegi şondan soň günorta, beýleki bölegi bolsa günorta günbatara göçýär.

Günorta göçen uýgurlar Kansu uýgur döwletiniň, günorta günbatara göçen uýgurlar bolsa Hoço uýgur döwletiniň çäginde täze bileleşik döredýär. Şu günkü günde Hytaý Halk Respublikasynyň çäklerinde Saýy uýgurlar ady bilen tanalýan uýgurlar, ýokarda agzalyp geçilen Kansu uýgur döwletiniň, Täze uýgur türkleri ýada şu günki ady bilen Gündogar Türkistanda ýaşaýan uýgurlar bolsa Hoço uýgur döwletini guranlaryň agtyklary hökmünde bilinýär.

GD! Türk diliniň jadyly dünýäsi atly gepleşigimiziň 17-nji bölümini diňleýärsiňiz. Gepleşigimiziň geçen bölüminde taryhy we etniki taýdan döwrümizde ýaşaýan gyrgyzlar bilen arabaglanşykly bolandygyna garamazdan medi, dini we dil taýdan tapawutly bolan Fu-ýü türkleri, Fu-ýü türkleriniň ýaşaýan ýeri we Fu-ýü türkçesi hakynda maglumat beripdik.

Gepleşigimiň bu bölüminde bolsa türk dialektleriniň gepleşilýän ýurtlaryndan ýene-de biri bolan Hytaý Halk Respublikasynyň serhetlerinde ýaşaýan sary uýgurlar, sary uýgurlaryň ýaşan ýerleri we sary uýgurça hakynda maglumat bermekçi.

Taryhda Kansu uýgur döwleti we Hoço uýgur döwleti ýaly iki tapawutly döwletiň çäginde täze bileleşik döreden türkler, döwrümizde ýaşaýan ýerleri, gepleşýän dili, medeni durmuşy we dini taýdan tapawutlanýandyklaryna garamazdan olar türk halkynyň agtyklarydyr.

Sary uýgurlar şu günki Hytaýyň Kansu ýada Gansu sebitinde esasan Sunan Sary uýgur awtonom etrabyndaky sebitlerde we şol sebite degişli obalarda ýaşaýar. Şol sebitden daşary Gündogar Türkistan ýada Xin Žiang uýgur awtonomiasynyň Kumul şäheriniň Daguanwan etrapçasynda, Getažing obasy bilen Jhangži Dungan awtonom welaýatynyň Manasy etrabynda ýaşaýar.

Sary uýgurlaryň ýaşaýan ýeri bolan Kansu welaýatynyň Sunan Sary uýgur awtonom etrabynda 2017-nji ýylyň belliklerine görä, 10 müň 400 adam ýaşaýardy.

Kowumdaşlary tarapyndan “Saryg, Serig, Sary uýgur” hökmünde atlandyrlan Sary uýgurlarlar özlerini “Ýugur/Ýogur” hatda Saryg uýgur, ýugur” hökmünde atlandyrýar.

Hytaýly taryhy çeşmelerde ýygy-ýygydan Mangol döwründen bäri “sary uýgur” manysyny aňladýan dürli atlar bilen agzalyp geçilýän Sary uýgurlar, Çagataý türkçesinde ýazylan “taryhy Reşid” atly eserde hem “Saryg uýgur” hökmünde atlandyrylýar. Döwrümizde Hytaý Halk Respublikasynyň belliklerinde bolsa “Ýugu” ady bilen tanalýar.

Sary uýgurlar hakynda XX asyrda geçirlen ylmy barlaglarda Kansunyň golaýyndaky Sary uýgurlaryň adyndaky “sary” ýada “sarig” sözü üçin türkologlar tarapyndan dürli garaýyşlar öňe sürülýär. Olaryň käbirinde Sary uýgurlaryň sary telpek we sary egin-eşik geýendikleri nygtalýar.

Sary uýgurlaryň esasy bölegi Budisd-lamaýistlerdir. Bir bölegi bolsa gadymy dinleri bolan şamanlygy dowam etdirýär.

Sary uýgurça, türk dialektleriniň geografiýa we lengiwistik esaslara görä Demirgazyk gündogar ýada Sibir toparynda ýer alýar. Şu günkü günde esasan Gündogar Türkistanda gepleşilýän uýgur türkçesinden tapawutlanýan Sary uýgurça döwrümizde gepleşilýän türk dialektleriniň arasynda esasan Hakas, Şor we Fu-ýü türkçlerine ýakyn.

Şu günkü Sary uýgurlaryň ýazuw dili ýitipdir we diňe gepleşilýän dil hökmünde barlygyny dowam etdirýär. Sary uýgurlaryň ýaşaýan ýerlerinde hytaý diliniň resmi we bilim dili bolandygy sebäpli Sary uýgur ýaşlarynyň arasynda ene dilde gepleşýänleriň sany gün saýyn azalýar.

2010-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan çap edilen howly diller kytabynda Sary uýgurça, “ýitip barýan diller” kategoriýasynda ýer alýar. Dili gepleşýänleriň sanynyň azdygy sebäpli türkologlar, diliň ýaşamagy üçin gyssagly gorag astyna alynmalydygy barada duýduryş berýär.

Prof. Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň goldaw bermeginde Dr Saida Burhanidinowa tarapyndan taýarlanan Türk diliniň jadyly dünýäsi atly gepleşigimiziň bu bölüminde Sary uýgur türkleri, Sary uýgur türkleriniň ýaşan ýeri we Sary uýgurça hakynda maglumat berdik.

Ýene degişli makalalar

Türk dialektleriniň toparlara bölünişi
Uýgur Türkçesi
Uýgur Türkçesi - 2
Fuýu Türkçesi
Tywa Türkçesi
Garagalpak Türkçesi