Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, Dünýä doly şanly Magtymgulynyň!

Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, Dünýä doly şanly Magtymgulynyň!

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy hem-de Medeniýet ministrligi tarapyndan Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, Dünýä doly şanly Magtymgulynyň!atly maslahat geçirildi.Bu maslahatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Ylymlar Akademiýasynyň professor alymlary we kitaphanaçylar gatnaşdylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy çagalar üçin türkmen halk ertekileri bolan gyzykly dürli dillerde terjime edilen kitaplardan kitap sergisini gurnadylar.Hem-de türkmen halk ertekileriniň ähmiýeti, ertekileriň çagalar üçin has-da täsirli bolýanlygy, çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermekligiň täsirli bolup durýanlygy, şol kitaplaryň ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak terbiýeçilik ähmiýetiniň beýikligini belläp geçdiler.

Bu çärede çagalaryň söýgüli artisti Aşyr däde çagalar bilen akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsine degişli Kim köp goşgy bilýär atly kiçeňräk bäsleşik yglan etdi.Bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara gyzykly kitaplary sowgat berdiler.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatrynyň sahna ussatlarynyň Kitap biziň dostumyz ady bilen taýýarlan sahna oýny hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar durmuşda bagtly ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, şany dünýä dolýar Magtymgulynyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini ýubileý medaly bilen gutlady
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi
Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, Dünýä dolýar şany Magtymgulynyň!
Lütfen, ýagny, haýyş edýärin…