Sarpasy belentde tutulýan zenanlar

Sarpasy belentde tutulýan zenanlar

Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde ýurdumyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi.Bu halkara derejeli çärä Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan respublikalarynyň, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. “Jemgyýetçilik-syýasy, sosial-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny” ady bilen geçirilen umumy ýygnaga daşary ýurtly myhmanlar, ýurdumyzyň ýokary wezipeli işgärleri gatnaşyp, degişli mowzuklarda çykyş etdiler we özara pikir alyşdylar. Şeýle-de, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy mynasybetli giň gerimli sergi gurnaldy.

Bu sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, şeýle-de ýurdumyzda üstünlikli zähmet çekýän hususy telekeçiler öz döredýän eserlerini we öndürýän önümlerini görkezdiler.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi türkmen suratkeşleriniň döreden ajaýyp eserleri bilen serginiň görküni artdyrdy.Bu ýerde ýurdumyzyň at gazanan tanymal suratkeşleriniň, şeýle-de ýaş zehinleriň döreden gaýtalanmajak eserleri öz mynasyp ornuny tapdy.

Sergide görkezilýän nakgaşlyk we heýkeltaraşlyk eserleri häzirkizaman şekillendiriş sungatynyň täze ösüşlerini açyp görkezse, ussat külalçylarymyz tarapyndan döredilen külalçylyk önümleri milliligiň hem-de döwrebaplygyň özboluşly äheňleriniň sazlaşygyny ýüze çykardy.Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň öz reňk öwüşginleri, taslama çözgüdi bilen tomaşaçynyň göwnüni açýan “Altyn güýz”, “Bahar” ýaly eserleri, Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýewiň zenan keşbini wasp edýän “Üç gelin”, “Zenan mukaddesligi” ýaly täsirli eserleri, Türkmenistanyň halk suratkeşi Babageldi Owganowyň toý däp-dessurlaryny wasp edýän şadyýan eserleri, ussat suratkeşler Allamyrat Muhammedowyň, Baýram Nuryýewiň, Hojamuhammet Çüriýewiň ynsan kalbyny mähir-mylakata gaplaýan tematiki işleri, döredýän keşplerine ynsan duýgularynyň, häsiýetleriniň dürli öwüşginini inçelik bilen çaýýan suratkeş Çarymyrat Ýazmyradowyň, ýiti döredijilik dünýägaraýyşy bilen tapawutlanýan Myrat Hojagulyýewiň eserleri, mundan başga-da Gülnäz Rozykulowa, Gunça Goçmyradowa, Çemen Öräýewa, Maral Hojagulyýewa, Merjen Amangylyjowa, Aýjahan Babatäjowa ýaly ýaş zenan suratkeşlerimiziň çuňňur kalbyndan, näzik gollaryndan dörän ajaýyp sungat eserleri sergä gelen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Mundan başga-da sergide türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň ägirtleri Türkmenistanyň Il ýaşulusy, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň takyk realistik heýkel eserleri hem-de Türkmenistanyň Il ýaşulusy, halypa suratkeş Babasary Annamyradowyň pelsepewi äheňlere ýugrulan taslama eserleri wajyp ähmiýete eýe boldy.

Türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň umumy ösüş ýolunda öz döreden dürli ölçegli eserleri bilen saldamly goşant goşup, ençeme ýaş hünärmenleri kemala getiren Saragt Babaýewiň portretleri, şeýle-de dünýäniň gelip çykyşy, ýaşaýşyň many-mazmuny hakda çäksiz garaýyşlary öz eserlerinde ussatlyk bilen ýüze çykarýan şahyrana heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň taslama eserleri her bir tomaşaçynyň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Sungat çäksiz dünýä.Ol ýaşaýşyň dürli döwürlerinde, dürli tapgyrlarynda, Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde, dürli görnüşlerde ýüze çykmagy başarýar.Adam aňynyň pikir ýöretmesi esasynda ösüp kämilleşýän we adam eliniň hereketi bilen durmuşa geçirilýän sungat eserleri bakylygyň, müdimiligiň wekilleridir.

Olar baky ýaşaýarlar.Aýratyn-da, olar zenan kalbynyň misli umman dek çäksiz kalbynyň pynhan duýgularyndan, ýiti zehininden hem-de näzik zenan ellerinden çykan eserler bolsa, onda bu eserleriň çäksiz gymmata eýedigini şeksiz bellemek bolar. Öz döredijilik hyýallaryny, durmuşyň dürli jähtlerini öz içine alýan pikirlerini külalçylyk sungatynda wasp edýän külalçy zenanlarymyz Dursunsolmaz Muhammedowanyň, Gülara Babaýewanyň, Gülbahar Annagulyýewanyň döreden eserleri şol çeper gymmatlygy özünde jemleýär.

Tebigatyň we onuň ýaşaýjylarynyň, tebigatdaky bolup geçýän hadysalaryň şekillerini özboluşly äheňlerde ýüze çykarýan bu külalçylyk eserleri döwrebap amaly-haşam sungatynda gazanylýan ýokary üstünlikleriň aýdyň beýany bolup durýar. Şol aýratynlyklar külalçy suratkeş Baýrammyrat Annagulyýewiň döredijiliginde hem öz mynasyp ornuny tapýar.

Her bir külalçynyň başgalara meňzemeýän çeperçilik dili, düýbünden tapawutly çeper keşbi bu sungatyň görnüşleriniň, serişdeleriniň barha artmagyny şertlendirýär.Jemläp aýdanymyzda, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy mynasybetli gurnalan bu sergi türkmen şekillendiriş sungatyny ösdürmekde we dünýä tanatmakda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň biridir.

Gülnara KURBANMUHAMMEDOWA

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi
Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda