Sarpasy belent gerçekler

Sarpasy belent gerçekler

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli, düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa uruş weteranlary, tylda zähmet çeken eneler, harby gullukçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzda Watan gerçeklerine çuňňur sarpa goýlup, uruş weteranlaryna, esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylyň zähmetkeşlerine aýratyn üns we hormat bilen garalýar. Weteranlaryň saglyk ýagdaýyna, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna hemişe uly üns gönükdirilýär.

Weteranlar hormatly Prezidentimize urşa gatnaşyjylar we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary hakynda yzygiderli aladasy, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. Olar uruş ýyllarynyň agyr günlerinde ene topraga bolan çäksiz söýginiň agyr synaglara döz gelmäge we adamzadyň taryhyndaky gandöküşikli uruşda ýeňiş gazanmaga ýardam edendigini ýatladylar.

Dabaranyň dowamynda weteranlara we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şanly sene mynasybetli gowşurylan baýramçylyk sowgatlary weteranlaryň, tylda zähmet çeken eneleriň şatlygyny artdyrdy. Biz hem Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, uruş weterany Dmitriý Aleksandrow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:

— Ýaşlygymyň geçen döwrüni, uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny, agyr ýitgilerini ýatlanymda, häzirki bagtyýar döwre buýsanyp, gözüme ýaş dolýar. Bu eşretli döwrüň gadyr-gymmaty başga. Şeýle döwürde ýaşaýandygymyza, hormatly Prezidentimiziň sylag-serpaýyna, ýaş nesliň hormatyna buýsanýarys.

Men 1927-nji ýylda doguldym. 1942-nji ýylyň sentýabrynda urşa gidip, 1947-nji ýylyň martynda dolanyp geldim. Iki gezek agyr ýaralandym. Eziz Watanymyza dolanyp, daýhançylyk bilen meşgullandym. Döwletli maşgalam, bir oglum, iki gyzym bar. Olar häzirki wagtda dürli ulgamlarda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Agtyklarymyň, çowluklarymyň şatlygyna goşulyp, olaryň bagtyýarlygyna buýsanýaryn.

Ynsan kalbynda buýsanç we watansöýüjilik duýgusyny döredýän Ýeňiş güni mynasybetli, Watanymyzyň ähli künjeginde guralýan baýramçylyk dabaralaryna urşa gidenleriň yzynda galan eneler hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.Biz dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň berkarar bolmagy ugrunda gurban bolan merdana esgerleri, söweşdeş ýoldaşlarymyzy hatyralaýarys.

Gyşyň sowugy, tomsuň yssysy, açlyk diýmän, uruş ýyllarynda ädimme-ädim öňe gidip, Ýeňşe bolan uly ynam bilen söweşdik.Türkmenistanlylaryň görkezen gahrymançylygy, olaryň gözsüz batyrlygy ýaş nesiller üçin nusga hem-de uly buýsançdyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, 1941 — 1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen uruş weteranlaryna, urşuň gazaply günlerini başdan geçiren enelere, gaýduwsyz zähmet çeken raýatlara ýurdumyzda uly sylag-hormat goýulýar.

Asuda, abadan ýurdumyz barha ösýär, ýaş nesilleriň watançylygyň, gahrymançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uly üns berilýär.Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli şeýle tutumlarynyň geljekde-de rowaçlanmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris — diýip, buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Beýik Ýeňşiň gazanylan gününden bäri 76 ýyl geçdi, emma gahrymanlarymyzyň atlary we edermenligi baradaky hakyda ölmez-ýitmezdir. Olar ene topragymyzy goraýjylaryň, şeýle hem Beýik Ýeňşiň hatyrasyna gije-gündiz zähmet çeken tylyň janypkeş zähmetkeşleriniň batyrlygynyň we gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýän türkmen halkynyň hakydasynda baky ýaşar.

— Adamzat taryhynda iň bir aýylganç wakalaryň biri bolan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň tamamlananyna 76 ýyl boldy. Ýurtlary, obadyr şäherleri weýran eden bu uruş adamlaryň kalbyny ýaralady. Bu ýaranyň yzasy häli-häzirler hem ýitenok.

Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy her birimiz üçin nusgalyk mekdep bolup durýar.Berdimuhamet aganyň özi aramyzda bolmasa-da, onuň gahrymançylykly ömür ýoly baradaky ýatlamalar ýüreklerimizde ebedilik ýaşaýar.

Faşizmiň garşysyna göreşmek bilen, demokratiýa we adam hukuklary barada röwşen ideýa gulluk eden türkmeniň — görnükli mugallymyň ruhy ata arzuwyny amala aşyrýan agtygynyň — öz halkynyň bagtyýar durmuşy üçin Döwlet adam üçindir!, Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!

diýen şygarlary ýörelge edinen Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işlerinde goldaw berýär.

Hormatly Prezidentimiz uruş weteranlary, adamsy frontdan gaýdyp gelmedik mähriban eneler barada aýratyn alada edip, Ýeňiş güni mynasybetli olary gymmat bahaly sowgatlar bilen hormatlaýar. Halkymyzyň bagtyýar, parahat durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagalla edýän milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! — diýip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew gürrüň berdi.

Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar ady bilen geçirilen dabarada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplarynyň, Merkezi serkerdeler öýüniň Merdana nesiller aýdym-saz toparynyň Garaşsyz Watanymyzy, merdana halkymyzy wasp edýän aýdymlary Watan gahrymanlaryna bagyşlandy.

Biziň ählimiz üçin parahatçylygy gorap saklan we Beýik Ýeňiş üçin söweşen weteranlaryň hormatyna ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.

Türkmenistan. Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28143

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Türkmenistan gazetinde ýaşlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Jeňow (1923-1995) 100 ýyllygy