Sarahsly kärendeçi daýhanlar soýa ekmäge mejbur edilýär

Sarahsly kärendeçi daýhanlar soýa ekmäge mejbur edilýär

Ahalyň Sarahs etrabynda kärendeçi daýhanlaryň onlarçasy soýa ösümligini ekmäge mejbur edilýär. Ony ekmekden ýüz öwürýän kärendeçilere ekerançylyk ýerleriniň ellerinden alynjakdygy barada haýbat atylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji awgustda sebitden maglumat berdi.

“Şu ýyl onlarça kärendeçi synag hökmünde pagtanyň ýerine soýa ekmäge borçlandyryldy. Ýerli oba hojalyk resmileri “soýa ekip, pagta ýagynyň deregine soýa ýagyny alyp, ilatyň ösümlik ýagy bilen üpjün ediljekdigini” aýdýarlar” diýip, sarahsly kärendeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ýöne sarahsly kärendeçileriň aglabasy soýany ekmekden ýüz öwürýär. Olar munuň sebäbini bu ösümligiň özlerine näbellidigi we ozal sebitde soýanyň ösdürilip ýetişdirilmändigi, şol sebäpli hasylyň nähili boljakdygyny bilmeýändikleri bilen düşündirýärler.

“Ýöne ýerli hökümet ýokardan görkezme şeýle diýip, daýhanlary soýany ekmäge mejbur edýär. Ýerli häkimiýetler ony ekmekden boýun gaçyrýanlaryň ýerleriniň ellerinden alynjakdygy barada haýbat atýarlar. Şeýle-de, olar ikitaraplaýyn şertnamalaryň ýatyryljakdygy bilen hem gorkuzýarlar” diýip, ýerli kärendeçi daýhan aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň oba hojalygy bölüminden teswir alyp bilmedi.

Soýa - dänesinden her hili azyk önümleri taýýarlanylýan kösükli ösümlikdir.

Türkmenistanda soýanyň ösdürilýändigi baradaky maglumatlar ilkinji gezek 2020-nji ýylda peýda boldy. Şonda TDH Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda soýa ekilen ýeriň meýdanynyň 24 gektara barabardygyny aýtdy.

Şondan soňra türkmen häkimiýetleri soýany ösdürip ýetişdirmek barada 2022-nji ýylda gürrüň gozgap, ýurt boýunça 2 müň gektar meýdana soýa ekiljekdigini mälim etdiler.

Sarahsly daýhanlaryň ençemesi özleriniň mundan 10 ýyl çemesi ozal ýurtda synag hökmünde ýeralmany ekmäge borçly edilen kärendeçileriň düşen ýagdaýlaryna sezewar bolmakdan howatyrlanýandyklaryny aýdýarlar.

“Şonda welaýatyň köp etrabynda şertnamada göz öňünde tutulan ýeralma hasylyny alyp bilmedik kärendeçi daýhanlar döwlete bergili çykdy. Olaryň işleri prokuratura geçirilip, derňewler geçirildi, we netijede, çekilen zyýanyň öwezini kärendeçi daýhanlar tölemeli edildi. Häzir sarahsly daýhanlar hem, öň ekip görmedik ekinlerini ekip, göz öňünde tutulan hasyly alyp bilmän, bergili çykmakdan aladalanýarlar” diýip, sarahsly daýhan belledi.

Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň hatarynda esasan gowaça, bugdaý, mekgejöwen, şaly we ýeralma ýaly ekinler ösdürilip ýetişdirilýär. Bular ýetişdirilende döwlet daýhanlaryň suw, dökün, tohum we tehnika üpjünçilik meselelerini öz üstüne alýar.

Öz gezeginde daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bellenilen möçberde hasyl almaga we alan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.

Ýöne kärendeçiler döwletiň öz üstüne alan borçlaryny doly berjaý etmeýändigini, munuň köplenç ekiş işleriniň gijä galmagyna we hasylyň pes bolmagyna getirýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler. Olar bularyň özleriniň döwlete bergili çykmagyna getirýändigini hem belleýärler.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýer-suw meselesi, emeldar çalyşmalarynyň aýdylmaýan sebäbi köp sorag döredýär
Azlyklaryň öz dillerinde okamak hukuklary-da, özleri-de agzalmaýar - synçy
TIKA Bişkekde Agzaçar Berdi
DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINIŇ MASLAHATYNYŇ XXXVIII MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
Russiýanyň demir ýollary Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň gündogar şahasyna arzanladyş yglan etdi