Sarahsdaky üsti açyk ammarlarda saklanýan kükürt kislotasy ilatyň saglygyna howp abandyrýar

Sarahsdaky üsti açyk ammarlarda saklanýan kükürt kislotasy ilatyň saglygyna howp abandyrýar

Sarahs etrabynyň ýaşaýjylary sebitiň çägindäki üsti açyk ammarlarda saklanýan müňlerçe tonnalyk kükürt kislotasynyň ýerli ilatyň jan-saglygyna zyýan ýetirýändigini aýdyp, bu ammarlaryň ýaşaýyş ýerlerinden göçürilmegini soraýarlar.

“Türkmenistanyň prezidenti Azatlyk Radiosyny yzygiderli diňleýändir diýip umyt edýäris. Şonuň üçin, kükürt ammarlarynyň biziň ýaşaýan ýerlerimizden göçürilmegini sorap prezidente ýazan hatymyzy Azatlyk Radiosynda eşitdirmegiňizi haýyş edýäris” diýip, birnäçe sarahsly ýaşaýjy Azatlyk Radiosyna iberen hatynda aýdýar.

Sarahs etrabynda ýerleşýän kükürt önümçiligi bilen bagly desgalar we kükürt kislotasynyň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirleri baradaky habarlar ilkinjilik bilen garaşsyz turkmen.news neşiri tarapyndan üns merkezine çekildi.

Neşir öz çeşmelerine salgylanyp, 11-nji oktýabrda we 17-nji oktýabrda çap eden aýrybaşga iki maglumatynda Sarahs etrabynda açyk asmanyň astynda ýatan birnäçe tonnalyk kükürt kislotalarynyň ýerli ýaşaýjylaryň jan-saglygyna zyýan ýetirýändigini habar berdi.

Sarahsly ýaşaýjylar himiki maddalaryň deri keselleri we dem alyş ýollary bilen bagly problemalara ýol açýandygyny aýdyp, hem ýerli häkimiýetlere, hem döwlet ýolbaşçylaryna aýrybaşga şikaýat hatlaryny ýollapdyrlar.

Turkmen.news neşiri şonda 45 adamyň gol çeken şikaýat hatlarynyň nusgalaryny çap edip, Sarahs etrabynda ýerli ilatyň jan-saglygyna, galyberse-de daşky gurşawa zyýan ýetirýän müňlerçe tonnalyk kükürt kislotasynyň saklawhana soraglary bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Azatlyk Radiosyna-da gelip gowşan hatyň nusgasynda adamlar öz ýaşaýan sebitlerinde açyk asmanyň astynda saklanýan kükürt önümleriniň ilatyň gündelik durmuşyna ýetirýän ýaramaz täsirleri barada şikaýat bildirýärler.

“Biziň ýaşaýan ýerlerimizden 500 metr çemesi aradaşlykda ýerleşýän demir ýol ulgamlaryna müňlerçe tonnalyk kükürt kislotasy düşürildi.Biziň ýaşap oturan ýerlerimizden, egin-eşiklerimizden, ýorgan-düşeklerimizden erbet ys gelýär, esasan-da arassa howadan dem alyp bilmeýäris, çagalarymyz öýden daşaryk çykanlarynda gözleri awşap, olaryň gözlerinden ýaş akyp başlaýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisine, Baş prokuraturasyna, Milli howpsuzlyk, Içeri işler we Adalat ministrliklerine iberen hatlarynda aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Sarahs etrabynda ýaşaýyş jaýlaryndan ýarym kilometr çemesi aradaşlykda ýerleşýän ýerlere müňlerçe tonnalyk kükürt kislotalarynyň düşürilip, olaryň açyk asmanyň astynda saklanýandygyny tassyklaýarlar.

“Üsti açyk ammarlarda saklanýan kükürt kislotasy Sarahsdaky ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýaşaýjylarynyň, şol sanda kiçi ýaşly çagalaryň jan saglygyna howp abandyrýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylary sitirleýär.

Habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň seljeren maglumatlaryna görä, ýurduň günorta-gündogar Mary welaýatynda öndürilýän kükürt kislotalary demir ýol arkaly Sarahs gümrük geçelgesiniň üsti bilen Eýran Yslam Respublikasyna eksport edilýär.

“Bu barada Türkmenistanyň prezidentiniň adyna şikaýat hatlarynyň ýazylmagynyň üstünden bir aýdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, heniz hem jogap bolmady, hiç hili çäre görülmedi” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Turkmen.news neşiri kükürt kislotasynyň söwdasy bilen ilteşikli käbir hususy kompaniýalaryň yzyny çaldy. Galyberse-de, neşir bu problemanyň arkasynda ýurduň öňki wise-premýeri Muhammet Aýdogdyýewiň bolandygyna yşarat edýär.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary öz çeşmelerine tassykladyp bilmeýär.

“Adamlar kükürt ammarlarynyň ýaşaýyş ýerlerinden daş ýerlere göçürilmegini haýyş edip soraýarlar. Ýöne jogapkär emeldarlar şeýle hatlara jogap bermeýärler we prezidenti wajyp meseleler babatynda habarly etmeýärler” diýip, sarahsly ýaşaýjylar aýdýarlar.

Döwlet mediasy ýurtda senagat önümçiliginiň kuwwatynyň ýyllarboýy artdyrylýandygyny aýdýar.

Hökümetçi neşirler Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesine salgylanyp, Aşgabat şäheriniň hem-de Mary welaýatynyň golaýynda täze senagat zolaklaryny döretmegiň meýilleşdirilýändigini habar berýär.

Azatlyk Radiosy Sarahs etrabynda kükürt kislotasynyň üsti açyk ammarlarda saklanmagy we bu ýagdaýyň ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyna ýetirýän ýaramaz täsirleri barada ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti kazyýet ulgamynda kazylary wezipä belledi
Çeşme: Sil suwlarynda bir esger öldi, alty esger dereksiz ýitdi
Sil suwlarynda bir esger öldi, alty esger dereksiz ýitdi
Soňky sil suwlary häkimiýetleriň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesini 'synagdan geçirdi'
Çagyryş ýaşyna ýeten mekdep uçurymlary harby gulluga alnyp gidilýär Balkan welaýaty
Rus kömüri Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana eltiler